Bu gije Ýewropa futbolynda uly tolgunyşyk başlandy. Birnäçe ýokary derejeli klub Super ligany döretmek kararyna geldi.

Ýewropa Super ligasy näme?

18-nji aprelde ýekşenbe güni Ýewropanyň 12 klubynyň täze ýaryş gurandygy habar berildi. Super ligada 20 klub bar (15 yzygiderli gatnaşyjy we 5 üýtgeýän klub). Ýewropa Super ligasy Ýewropa Çempionlar ligasyna meňzeş ýaryş bolar.

Haýsy klublar agza?

Mançester Ýunaýted, Liwerpul, Mançester Siti, Arsenal, Çelsi, Tottenham, Barselona , Real , Atletiko, Inter, Milan we Juventuus.

Olara nähili jeza garaşýar?

UEFA olary ähli ýaryşlardan (hatda milli çempionatlardan) aýyrmak, oýunçylaryň milli ýygyndylarda oýnamagyny gadagan etmek we 50 milliard ýewro jerime almak isleýär. Ýöne klublar milli çempionatlarynda oýnamagyny dowam etdirerler. Her niçigem bolsa, bu Super ligany gurnaýjylaryň meýilnamasy.

Ýaryşyň formaty nähili bolar?

Iki topar, hersinde 10 klub. Her klub garşydaş bilen öýde we myhmançylykda oýnaýar. Toparlardan üç klub çykar. Dördünji we bäşinji orny eýelänler pleý-offa çykarlar. Çärýek final we ýarym final öý we myhmançylykda oýnalar. Final maý aýynyň ahyrynda bitarap meýdançada geçiriler.

Klublar näçe pul gazanýarlar?

15 esaslandyryjy kluba jemi 3,5 milliard ýewro berler. Ýaryş guralandan soň ilkinji ýyllarda milli çempionat bilen klublaryň arasynda 10 milliard ýewro paýlamak meýilleşdirilýär.

Ýolbaşçylar kimler?

Liganyň prezidentleri - Florentino Perez (" Real Madrid"). Iki kömekçisi bar: Joel Glaser ("Mançester United") we Andrea Anelli ("Juventus"). Anelli derrew ýewropa klub birleşikleriniň ýolbaşçylygyny terk etdi.

Kim garşy?

Ýewropa klub birleşikleri (Anelli tarapyndan dolandyrylýan bir gurama) we FIFA Super liganyň garşysyna beýanat berdi. UEFA, APL, La Liga, A Seriýa, Bundesliga we Liga 1 Super liganyň geçirilmegini tankytlady.


Ýewropada Superliga geçirilmek islenýär. Siz muňa nähili garaýarsyňyz? Meniň özümä ,,Ýok, bu ýaryş futbolyň ösmegine itergi bermez" diýýärin. Siziň pikiriňiz nähili?

Täzelikler, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir