hormatly talyplar! men siziň bilen hoşlaşýaryn. ýöne öňürti şu aşakdakylary ýazmagy özüme borç hasap etdim. ynha meniň üçünji bir atdaşym. "mаzmun, 2009-01-08 23:45:10 senesinden bäri agzamyz. 0 ýazgy, 4 jogap ýazypdyr. ýazanlary jogaplary 4) Ölen eşegin... 3) Gyz bilen tanyshmagyñ esasy... 2) men dine seni... 1) Ölen eşegin..." görýän welin meniňki boljak däl öýdýän. şu ýagdaýdan soň ozalky ýagşy niýetli agzalaryň bärden näme sebäpden daşlaşýandygyna doly göz ýetirdim. indi menem diňe siziň ýazanlaryňyzy okamak bilen çäklensem gerek. sözümiň ahyrynda adminlerden meniň ýazanlarymy, has dogrusy "mazmun" ady bilen ýazylan ähli ýazgydyr jogaplary pozmagyny haýyş edýän. hormatly talyplar,gadyrly ýaşlar, siziň hemmäňize okuwlaryňyzda üstünlik, durmuşyňyzda rowaçlyk arzuw edýärin. hoş sag boluň!!! (şu ýere gelen ilkinji günümden bäri ýazan ýazgylarymda öte geçip, göwnüni ynjydan her bir agzadan ýekän ýekän ötünç soraýan.)

Köneler, mazmun tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir