Meniň bir endigim bar, kesel diýseňem bolar. Eşik alsam ýönekeý markadan alamok. Puly köpdür öýden bolsaňyz ýalňyşýaňyz, her gün alamok, aýda-ýylda bir gezek. Bilmedim nireden ýokaşdy ol kesel maňa. Näme üçin markaly eşikler saýlaýan diýseňiz özümçe logiçni sebäplerim bar. 1-) Hili örän oňat bolýar. Köp wagt ulanmak mümkin. Ýewreý nakyly: Arzan zat alar ýaly baý däl men. 2-) Markaly eşiklerde saýlamaga gaty gowy alternatiwler bar. 3-) Gowy geýinseň häzirki döwürde adamlar kemsidip bilmeýärler. (100% bolmasa-da dogry) 4-) Özüňi marka geýýänligiň üçin gowy duýýaň psihologiki taýdan. 5-) Duşmana haýbat :) Eýsem talyplar nähili pikir edýärkäler?

Köneler, asuda tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir