Mammet Aşgabatda propiskasyny düzeldip bilmani Könürgenje, yzyna oba göçüp bardy. Bir garry dayhandan 2 milyon manada eşek satyn aldy. Garryja dayhan "eşegini getirerin" diyip Mammedi öyüne goyberdi yöne ertesi gün eşegin yerine dine bir özi baryp Mammede satyn alan eşeginin ölendigini aytdy. Mammet gynanyp: - Ola bolmandyr, onda mana sen başga eşek ber. - Başga eşegim yok - Onda pulymy yzyna gaytaryp ber. - Puly hem sowdum han ogul. By yakynda elime pul hem geçer öydemok... - Yaşuly, onda sen mana şol ölen eşegin maslygyny ber. - Ölen eşegin maslygyny name etjek? - Adamlary yygnap lotereya oynatjak. - Hey ölen eşek üçin hem lotereya oynanarmy (gülyar). - Sen şol ölen eşegi getir, yzyny özüm onararyn. Garry ertesi irden eşegin maslygyny getirip beryar. Mammet hem bazar güni bolanson eşegi teleşka yüklap galanyn yoluny tutyar. Şondan bir hepde sonra Mammet bilen garry dayhan bazarda duşyşdylar. Garry dayhan: - Eşegi natdin? - Daş etdim. - O nahili? - 50 mün manatdan lotereya oynatdym, 100 adam oynady. - O nahili ölen eşek üçin adamlar lotereya oynadymy? - Yok oynanlar eşegin ölidigini bilenokdy. Lotereyany utan eşegi almana gelende "eşegin ölüpdir, pulymy yzyna ber" diydi. 50 mün manadyny yzyna berdim, razylaşdyk.

Köneler, Farabi tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir