Russiýada dünýäniň iň beýik şahyrlary barada pikir soralyşyk geçirildi. Pikir soralanlar şahyrlar Aleksandr Puşkini (78%), Mihail Lermontowy (43%) we Sergeý Ýesenini (37%) iň beýik şahyrlar hasapladylar. Beýik şahyrlaryň sanawynda Wladimir Maýakowskiý (14%) Aleksandr Blok (10%), N.A.Nekrasow (8%), Anna Ahmatowa (7%), Marina Swetaýewa (6%), Fýodor Týutçew (5%), Iozif Brodskiý (3%), Wladimir Wysoskiý (3%), Afanasy Fet (3%), Ýewgeniý Ýewtuşenko (2%), Boris Pasternak (2%), Iwan Bunin (2%) ýaly şahyrlaryň ady tutuldy. Daşary ýurtly şahyrlardan William Şekspir (5%), Jorj Gordon Baýron (2%) öňe saýlandy. Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 11 göterimine bu sowala jogap bermek kyn boldy.
Iň halanýan nusgawy şahyrlary barada soralanda, jogap berenler ýene üç şahyry ýatladylar: Aleksandr Puşkin (31%), Sergeý Ýesenin (20%) we Mihail Lermontow (17%).

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir