Bakyndanda ýüregim diýdi ýareý
Söýüpmişin maňa diýdi janeý
Pikirleriniň bary menmi? menmi?
Bilemok söýgüsi çynmy?! ýalanmy?!

Gözleri bakýar zaryn-zaryn
Söýdimikä meni mejnun ýaly
Bir görseň ynanmaly ýaly
Birde oňa ynamym ýok ýaly

Aýdyň oňa baryň aýdyň oňa
Ýüregimi gümana goýdy ýene
Aýdyň oňa baryň aýdyň oňa
Söýen bolsa söýgüsin aýtsyn maňa

Ýürek söýmejek ýalydy (haaa)
Erkimi aldyň, barymy (haaa)
Duýgulam ýolunda adaşyp
Meni özüne baglady (ýee)

Sendäki jady, aklymy aldy
Bu ýürek gapysyny saňa açan ýaly
Bu arzuwdaky, söýgi bolsun baky
Görünýä duýgulary hiç söýmejek ýalyyyy

Gözleri bakýar zaryn-zaryn
Söýdimikä meni mejnun ýaly
Bir görseň ynanmaly ýaly
Birde oňa ynamym ýok ýaly

Aýdyň oňa baryň aýdyň oňa
Ýüregimi gümana goýdy ýene
Aýdyň oňa baryň aýdyň oňa
Söýen bolsa söýgüsin aýtsyn maňa

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir