Sil bolup, akýala gözümden ýaşym,
Heniz on dokuzla, ýigitlik ýaşym,
Ýa nebis diýlen zat, aýlaýa başym,
Dostlarym, bilmedim ne boldy maňa?!

Höwes ýokdur şatlanmaga, gülmäne,
Dilim barmaz,diýjek sözüm diýmäne,
Aýak etmez gitjek diýsem gitmäne,
Dostlarym,bilmedim ne boldy maňa?!

Döwlet diýer, ýürek bagrym elendi,
Ýetdimikä ýa bir kişiň minneti,
Ýa päk duýgym berýä maňa ezýeti ,
Dostlarym,bilmedim ne boldy maňa?!

By: Döwlet Ýazgeldiýew

Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir