Salam – tükeniksiz progressiýa,
Eý, gara gözli ýar, niçik ahwalyň?
Tarypyňy hata salyp ýollaýan,
Eý, dünýäm, älemim, açyk asmanym!

Gözleriň giden bir tükeniksizlik,
Seniň ol gözleriň misli bir umman.
Bir bakyşyň müň ýigidi jadylar,
Onsoň men neneňsi durmaýyn dymman?!

Gözüňde syýadan goýulan nokat,
Gaşlaryňam – sinisoidal çyzyk-la.
Seň bilen söýüşmek şeýle bir agyr
Hem bu söýgi çylşyrymly, gyzykly.

Ýylgyrsaň, lebleriň açyk skobka,
Ap-ak ýüzüň tegelek däl, ellipis.
Sen deý owadan gyz ýokdur dünýäde,
Söýýän bolsaň, toý gününi belle tiz.

Ýarym, seň dört örüm gara saçlaryň
Ellem bilen çözülmedik dört amal.
Şo saçlardyr meni büdredip ýykan,
Şo saçlardyr meni ýüpsüzje daňan.

Näzmi ýa gaharmy düşüp bolanok,
Seň ynanjyň açmasy kyn bir binom.
Söýgim üçin günäli men öňüňde,
Geçewer günäsin aşyk bigünäň.

Käte sen ýönekeý ady drob deý,
Ah, ýüregim ýüregiňe ýol eden.
Ynamym kän biz maksada ýeteris,
Seň ynanjyň bolmawersin nola deň.

Ady drob, öwrül üznüksize sen,
Üznüksiz drob – bu üznüksiz söýgi.
Dowam etsin göni çyzyk deý bu ýol,
Gutarmasyn onuň üznüksizligi.

Gijeler asmanyň ýyldyzny sanap,
Sen ol merjen ýyldyzlardan monjuk düz.
Sen ömrümiz ölçe ýyldyzlar bilen,
Saňa söýgim – bir ýüz bitin ýüzden ýüz!

Söýgi ýoly çözmesi kyn mesele,
Söýüşmekde ýokdur taýyn formula.
Söýgi bu ýüregiň emrine görä,
Söýgi diýilenok hiç bir zorluga.

Söýgä kesgitleme ýokdur aýratyn,
Bu söýgä hiç hili ýok teorema.
Söýgiň hormatyna göreş sen ejeň
Gelýän onlap sawça ýok diýerine.

Biz – iki biz,
Ikimizde bir ýürek,
Men plýus sen,
Sen plýus men,
Deňdir bir!
Bu ýönekeý hasap arifmetika
Ähli adat, şerigata deňdir, bil.

Bu haty diňe seň okagyn özüň,
Ynansaň, iň eziz joraňa okat.
Hoş!
Hatyň soňuna umydym bilen,
Gözlermiň garasyn goýýaryn nokat.

Özüň bilýäň, bu gyş howa-da sowuk,
Bu sowuk gijeler ýar goýny ykyş.
Hat ýaz, sabrym azdyr hat gelerine,
Umyt kän, jogabyň bolmasyn iks!


Atamyrat ATABAÝEW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir