Täze okuw ýylynyň başynda 6-njy synpyň klas ýolbaşçysy öňki 5-nji synpda okadan okuwçylarynyň öňlerinde olary synlap durdy. Ol olaryň baryny gözden geçirip:
—Okuwçylar men siziň baryňyzy deň derejede söýýän we guwanýan,sizi ýenede görenime begenýän—diýdi. Bu örän uly ýalandy, sebäbi ol yzky partalaň birinde ýapyrlyp oturan bir oglany asla halanokdy. Ol geçen ýyl bu synpyň okuwçylary bilen tanşan wagtam ol oglany halamandy. Ol oglan hiç kim bilen oýnamaýardy,eşikleri kirlidi,hiç wagt ýuwunmadyk ýaly bolup ondan ýakymsyz ys gelýärdi. Wagtyň geçmegi bilen mugallym bilen bu okuwçynyň arasy kem-kemden has hem erbetleşdi. Ol okuwçysynyň depderlerini alyp onuň bar ýazgylarynyň üstüni gyzyl syýa bilen çyzym-çyzym edip birlik goýasy gelýärdi.
Bir gün bolsa zawuç oňa okuwçylaryň mekdebe gelip okuwa başlanlary bäri özlerini alyp baryş ýagdaýlaryna häsiýetnama ýazmagy tabşyranda ol halamaýan okuwçysynyň iş ýazgysyny iň soňuna goýdy.
Haçanda ol ahyr soňunda onuň işini öwrenmäge başlanda bolsa ol äm-säm bolup özüni ýitirdi.1-nji synpda ony okadan mugallym şeýle ýazypdyr " Bu ýagty ýylgyryşly ajaýyp okuwçy,öý işlerini ýalňyşsyz we arassa ýerine ýetirýär. Onuň ýanynda bolmak örän ýakymly". 2-nji synpda okadan mugallym "Bu artykmaç häsiýetli okuwçy,synpdaşlary hem ony gowy görýär ; ýöne onuň maşgalasynda kynçylykly ýagdaý,ejesi bejerip bolmaýan agyr kesselli bolup ölüm halynda ýatyr"—diýip ýazypdyr.3-nji synpda ony okadan mugallym "Ejesiniň ölümi oňa uly urgy boldy,ol oňat okamaga bar güýjinde yhlas edýär,ýöne oňa kakasyndan hiç hili goltgy ýok,şeýle ýagdaý dowam etse okuwa höwesi gaçar"—diýipdir. 4-nji synpda okadan mugallym "Okuwçy gowşak,okuwa hiç hili höwesi ýok,dosty ýok diýen ýaly,kä wagt synpda okuw arasynda uklaýaram"—diýip belläpdir.
Mugallyma bu ýazylanlary okap özi,öz bolşundan utandy. Haçanda täze ýyl baýramy bolanda bar okuwçylar oňa daşy owadan halkaly sowgat getirenlerinde ol özüni has-da oňaýsyz duýdy. Ol öňki halamaýan okuwçysy bolsa mele kagyza oňaýsyz dolangy sowgat berdi. Haçanda ol ony açanda käbir okuwçylar gülüşdilerem. Onda käbir daşlary gaçan bilezik we içinde dörtden biri ýaly galan duhi bardy.Mugallymyň :
—Gör nähili owadanja bilezik ekeni—diýmegi okuwçylaryň gülki seslerini ýatyrdy. Mugallym duhini açyp ondan hem biraz sepindi.
Ol gün ol oglnajyk sapaklardan soň beýlekilerden biraz gijä galyp mugallymyň ýanyna gelip:
—Şu gün siz meniň ejemiň duhusyny sepinip onuňky ýaly ýakymly ysly bolduňyz.
Haçanda ol gidende mugallym uzak wagtlap özüni saklap bilmän aglady. Şol günden başlap ol diňe dil-edebiýaty, matematikany däl-de hoşamaýlygy, birek-birege sylag-hormaty, duýgudaşlygy, goldaw bermegi hem öwredip başlady. Az wagtdan öňki gowy görmeýän okuwçysy hem durmuşa gaýdyp geldi. Okuw ýylynyň ahyryna çenli ol eýýäm göreldeli okuwçylaň birine öwrüldi. Mugallym okuwçylaryna "Men siziň baryňyzy deň söýýän"—diýip wagtal-wagtal aýtmagyna garamazdan ol indi aslynda diňe şol okuwçysyny söýýärdi.
Bir ýyl soňra ol indi başga okuwçylary okadyp ýörkä şol okuwçysynyň gapyň aşagyna taşlan hatyny aldy. Hatynda ol okuwçysy ony ömründe gabat gelen mugallymlarynyň iň gowusydygny ýazýardy.
Ýene 5 ýyl geçensoň ol okuwçysyndan ýene hat aldy,ol kolleji 3-nji ökde okuwçy bolup tamamlandygyny we ýene-de ony ömrüniň iň oňat mugallymydygny ýazypdyr. Ýene-de 4 ýyl geçensoň mugallym ýene ol okuwçydan hat alýar,hatynda kynçylyklara seretmezden uniwersiteti ýokary bahalar bilen gutarýanyny we ony häzirem iň oňat mugallym hasap edýänini ýazypdyr.4 ýyldan soň gelen hatynda bolsa uniwersitetden soň ýene bilimini artdyrmagy niýet edýänidigini aýdypdyr indi onuň hormatly doktor derejesi hem bardy. Wagt geçip durdy. Soňky hatynda ol bir gyz bilen tanşyp oňa öýlenmekçi bolýandygyny,kakasynyň iki ýyl mundan öň ölendigini we toý edende öz ejesi ýaly bolup ýanynda durmagyny haýyş edip ýazypdyr. Mugallyma onuň bilen razylaşdy.Toý güni mugallyma şol käbir daşlary ýetmeýän bilezigi dakynyp şol oglana onuň ejesiniň ysyny ýatladan duhiden hem sepinipdir. Olar duşuşyp gujaklaşdylar,oglan tanş bilezigi we ysy duýup, mugallymyna garap:
—Maňa ynam bildireniňe sag boluň,meniň özümiň gerekdigimi duýmagymy öwredeniňize sag boluň,öz güýjime bolan ynamy oýardyňyz,gowyny-erbedi saýgarmagy öwretdiňiz. Mugallyma gözini ýaşlap oňa garap mähir bilen :
—Wah, gör sen nähili ýalňyşýaň oglum,gaýtyn bu zatlary sen maňa öwretdiň ahyryn. Men öň diňe öz sapagymy okatmany bilýärdim,seniň bilen tanşyp bolsa men hakyky adam bolmany öwrendim ...

Çeşme: Rusçadan terjime

Edebiýat, Barbary tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir