Essalowmäleýkim gadyrly gardaş-dogan, aga-ini, uýalar. Ähliziň jan saglyňyz gowy, işleriňiz ýerinde, maşgalyňyzda abadançylykdyr diýip tüýs ýüregimden umyt edýärin. Neme elimizden hiç zat gelmese-de gowy arzuw niýetde bolmagy başarýandyrys bizem. "Eiňden iş gelmese hem niýetiňi bir düzüw tut" diýipdir "Imo"da oturýanlaryň biri. Şu talyplar saýdy hem ýyllar dowamynda işläp gelýändigini görüp öňler juda bir haýran galýan bolsam häzirler prosta haýran galýan. Bolýa hernä hemmäňiziň janyňyz sag bolsun. Ýöne samrap oturman magsada geçeli. Meniň bu mowzugy açmagymdan magsat soňky günlerde ýagny birküç(1,2,3) günlikde çykan goşgulary telefonuma (käbir intelegentniý adamlaryň dilinde aýdanda "Köneje matrosyma") aldym we okan goşgularyma öz şahsy pikirlerimi bellik edişdirdim. Eger garşy bolmasaňyz şol belliklermi (Indi garşy bolsaňyz hem giç sebäbi bu sözleri okaýaňyzmy diýmek men eýýäm bu mozugy açdym) siz okyjlara hem-de hormatly awtorlara ýetirsem. Bu mowzugymdan magsat kimdir birini kemsidip göwnüne degmek ýa-da akyllysyramak niýetim ýok. Şeýlekin goşgular barada şahsy belliklermi siziň ünis merkeziňize hödürleýän. Tankytsyz ösüş bolýan däldir ezizler!

Birinji goşgy:

Shahyrana
"Aygul Nuralyyewa"

Göge baksam geçip barýar bulutlar,
Yzyma seretsem ýatyr bir menzil,
Daşymy goldap dur iller-uluslar,
Şonda-da dünýäde ýetim men sensiz.

Gyşyň aňzagynda aýazly ýerde,
Doňňara daş bolup, ýatyrkam ýerde,
Dost-ýarlam ylgady, em gözlap derde,
Dermany tapylsa-da, haýry ýok sensiz.

Ör turamda asman zemin birleşdi,
Bu giň jahan bir gysyma ýerleşdi,
Ömrüm ykbalymdan nägile geçdi,
Baharyň, baýramyň gyzygy ýok sensiz.

Örtediň sen bizi, ortediň ykbal,
Göýä düşnüksiz bir, sazy diňletdin,
Herimizi ugratdynda bir yana,
Meni naçar, uly naýynjar etdiň.


Belliklerim:
1). Birinji bendiň birinji we ikinji setirleri many taýdan kän bir uýgun däl ýagny ugurdaş däl ýaly.

"Göge baksam geçip barýar bulutlar,
Yzyma seretsem ýatyr bir menzil,"

Gel gowusy şol ilki "Göge" bakyp soňrada "Ýere" baksyn ýa-da ilki "Öňe" bakyp soňra hem "Yza"
seretsin. Şeýtsek many taýdan has hem öz ýerne düşer. Öz aýdýan zadyňa özüň bir düşündiňmi diýmezligiňiz üçin mysal getireýin:

1).
"Göge baksam geçip barýar bulutlar,
Ýerde ýetilmedik şol uzak menzil."

2).
"Öňe baksam geçip barýar pasyllar,
Yzda bolsa ýatyr ençeme menzil."

Elbetde bular kämil görnüş diýip biljek däl ýönekeýje mysal üçin ýazan öz pikrim.

Indi üçinje we dördünji setirler barada duryp geçsem.

"Daşymy goldap dur iller-uluslar,
Şonda-da dünýäde ýetim men sensiz."

Gel üçinji setirde daşymyzy "iller-uluslar" dälde "ýakyn-ýatlar" gurşasyn ýagny goldap dursyn. Hem dördünji bentdäki "Ýetim" sözi birhili neme, näme diýip düşündirsemkäm ol, by palowa ketçup goşup iýen ýaly bolup durda. Elbet-de goşgy "Ene" ýa-da "Kaka" hakynda ýazylmadyk bolsa. Ýöne, welin, emma galan bentlere seredip "Sensiz" diýen jümle "Ene-ata" dälde söýgüli ýardan aýryn adamyň sözlerne meňzäp dur. Geliň şol söýgülsinden aýra düşen adamy "Ýetim" dälde "Ýalňyz" diýip atlanyralyň. Meselem:

"Goldasa-da meni ýakynu-ýatlar,
Şonda hem dünýäde ýalňyz men sensiz."

Elbetde "Ýetim" sözinem ulansa bolýar emma "Ýaly, kimin we ş.m" kömekçi sözler bilen bilelikde.

2) Ikinji bent barada bolsa mende kän bir pikir ýok şol durşam gowy ýaly welin birinji setirdäki soňky "Ýerde" sözi göze dürtülip duran ýaly. Şol sözi şol ýerden aýryp onuň ýerne "Günde" sözüni goýsak näder. Ikinji setirdäki "Doňňara" sözündäki bir "Ň" harpyny pitikläp goýbersegem bolar sebäbi ol sözde iki bolup yňňalap durasy zat ýok.

"Gyşyň aňzagynda aýazly günde,
Doňara daş bolup, ýatyrkam ýerde.
Dost-ýarlam ylgady, em gözlap derde,
Dermany tapylsa-da, haýry ýok sensiz."

3) Üçünji bendiň ilkinji iki setrine dogrusy men känbir düşinmedim. Ýa-da me körzehin düşinerden has hem körzehinräk bolmaly.
(Diýjek bolýanym gep goşguda däl-dä meň düşünjämde bolmagy mümkin)

"Ör turamda asman zemin birleşdi,
Bu giň jahan bir gysyma ýerleşdi."

Näme üçin ör turdy? Uklap turdumy ýa şeýle turdumy? Näme üçin ýa-da nädip asman zemin birleşdi? Näme üçin ýa-da nädip giň jahan bir gysyma ýerleşdi?
Elbetde bu soraglara jogap hökmünde "Aýralyk meňzetmeleri" diýsegem bolar. Özümde dörän soraga, jogabam özümde döräýdi.

"Ömrüm ykbalymdan nägile geçdi,
Baharyň, baýramyň gyzygy ýok sensiz."

Üçünji bendiň ine bu söňky iki setrinde bolsa "Ömür" bilen "Ykbal" sözi manydaş ýaly duýyldy. Elbetde bu sözler manydaş däldigini bilýänem bolsam şolar şo setirde maňa şeýle duýyldy. Sebäbi "Ömür" bu ähli ynsanyýetiň ýaşap geçen we geçmeli döwri. "Ykbal" bolsa bir ýa-da birnäçe adamyň öňünde garaşýan durmuş ýoly diýip alýan bolsak hem-de awtor şol setirde "Ömrüm ýazgydymdan, nesibämden närazy ýaşaýar" diýjek bolandygynam hasaba alsak... Mbäh geliň şol "Ykbal" sözüni aýralda ýerne "Ýazgyt" ýa-da "Nesibe" sözüni goýup görsek näder?

"Ömrüm nesibämdan nägile geçdi,
Baharyň, baýramyň gyzygy ýok sensiz."

4) Dördünji bent:

Örtediň sen bizi, örtediň ykbal,
Göýä düşnüksiz bir, sazy diňletdiň,
Herimizi ugratdyňda bir ýana,
Meni naçar, uly naýynjar etdiň.

Bu bentde dyrnak aşagyndan kir gözleýän adam bolsaňam bellik edere zat ýok diýip hasaplaýan. Emma, welin, ýöne şol iň soňky jemleýji setirdäki sözlere känbir doly derejede düşünmegi başarmadym(Ýene-de gep meniň düşinjämde bolmagy mümkin).

"Meni naçar, uly naýynjar etdiň."

Awtor bu ýerde
"Meni naçar, ony naýynjar etdiň"
dijek bolanmy? Ýa-da
"Meni naçar, uly(gaty, erbet, ýaman, juda we ş.m) naýynjar etdiň"
diýjek bolanmy? diýen sorag döredi.

Garaz bu goşgy barada belliklerim şulardan ybarat. Goşgynyň umumy manysy sözleri erbedem däl mysal üçin ikinji bendi hasda haladym.

∆∆∆

Ikinji goşgy:

@Shahyrana
"Aygul nuralyyewa"

Zenan dünyäsi bir syrly dünyädir,
Mähir-muhabbete garylandyr ol.
Käte hasratlydyr, käte gülýändir,
Käteler köz kimin dörülendir ol.

Zenan dünýäsiniñ tylla gapysy,
Her bir höwesläne açylýan däldir.
Şol dünyä girilýän göwün köprüsi,
Ähli ötegçini geçirýän däldir.

Zenan dünýäsi bir bezemen köşkdür,
Ol köşkde çyn söýgi nurun saçýandyr.
Söýlänine uç-gyraksyz yşkdyr,
Hanjaryn gezese parran geçýändir.

Zenan dünyäsi bir lälezarlykdyr,
Gül-gunçalar burk urýandyr enaýy,
Bir-birege mähir-intizarlykdyr,
Oña girseñ unudarsyñ dünýäni.

Zenanlaryñ dünýäsini gorañ siz,
Belentdir ol, mähribandyr, gözeldir.
Göwün küýsän mährem sözi sorañ siz,
Dessandyr ol, aýdymdyr ol, gazaldyr...

Bayramynyz Gutly Bolsun!


Belliklerim:
1) Birinji bellik:

"Zenan dünyäsi bir syrly dünyädir,"

Şu setirdede we umuman goşgyň içinde ulanylan "Zenan dünýäsi" diýen sözüň ornuna "Zenan kalby(göwni, ýüregi we ş.m)" diýsek has hem manysy taýdan gowy ornaşmazmy diýen, teklibim bar.

"Zenan ýüregi bir syrly dünyädir,"
"Zenan ýüreginiñ tylla gapysy,"
"Zenan kalby bir bezemen köşükdir,"
"Zenan göwni ajap lälezarlykdyr,"
"Zenanlaryñ söýgüsini gorañ siz,"

Üçünji setirdäki "Hasrat" bilen "Gülýän" sözleri hem özlerni oňaýsyz duýýan ýaly.

Käte hasratlydyr, käte gülýändir,
Käteler köz kimin dörülendir ol.

Haýsy hem bolsa birini başga söz bilen çalyşmak gerek. Diýjek bolýanym käte "Gülýän" bolsa diýmek käte "Gamly (Gaýgyly, gussaly, keýipsiz we ş.m)" bolmaly. Eger käte "Hasratly" bolýan bolsa onda käte "Bagytly, şadyýan we ş.m" bolmaly. Düşündürjek bolup düşündürip bilmedim öýüdýän. Mysal getireýin:

1).
"Käte-de gamlydyr, käte gülýändir,"

2).
"Käte hasratly, käte bagytlydyr,"

Soňky setirdäki "Dörülendir" sözi hem nä oryn ulanylan ýaly. Şol setirde "Zenan kalby käte dörülýändir" diýmekçi bolunan bolsa onda "Dörülmek" sözi nädogram däl. Emma "Zenan kalby käte dörülen köz ýalydyr" diýmekçi bolunan bolsa-ha ýokarky söziň ýerne "Köremek" sözi ulanylsa has hem jüp ýerne düşjek ýaly:

"Käteler köz kimin köreýändir ol."

2) Üçünji bendiň ikinji setrinde hem käbir sözler bellik edilmegine garaşýan ýaly. Mysal üçin:

"Ol köşkde çyn söýgi nurun saçýandyr."

Şu ikinji setirdäki "Çyn" sözi bogun san üçin ýazylan ýaly. "Çyn söýgi" diýmek (hakyky, iň gowy, orginal) söýgi diýmek bolýarmy. "Söýgüniňem bir ýalany bormy" diýerdi, eger ýanymda Şahruhhan bolanynda))). Elbetde bolup biler diýýänlerem bardyr emma söýgüniň ýalany bolmaýar. Sebäbi ýalany bar bolsa onda oňa eýýam "Söýgi" diýip bolmaýar.
Şol bendiň üçinji we dördünji setirleri hem azajyk düşiniksizräk ýaly göründi. Ýa-da ýene gep meň düşinjämde bolmagy mümkin:

"Söýlänine uç-gyraksyz yşkdyr,
Hanjaryn gezese parran geçýändir."

Harp ýalňyşlyk bar menimçe. "Söýülýänine" bolmaly. "Uç-gyraksyz" diýmegi "Soňsuz, tükeniksiz" diýen manydadygyny hasaba alsak şol durşy hiç neneň däl ýaly.
Emma soňky setirdäki "Hanjaryn" sözi ýokarky setir bilen baglanşygy üzip dur. Ýokarda "Söýgi", "Yşk" diýlip dur welin aşakda hanjar zomparym parran geýäjek bolýar. Şony şeýdip özgertsek has gowy bolajak ýaly:

"Söýülýänine uç-gyraksyz yşkdyr,
Kalbyňa gezese parran geçýändir."

Ýagny bu ýerde "Zenan ýüregi söýülýäni üçin soňsuz yşkdyr we şol yşky kalbyňa çenese parran geçýändir" diýmekçi bolunýar. Eger şu düşindirişimden soň ýokarky iki setire düşinen bolsaňyz onda diýmek düşindirişsiz düşinip bolmaýaň iki setiri başgaçarak görnüşde gaýta işlemeli bolar. Garaz ýene düşündirjek bolup düşündirip bilmedim.

3) Iň soňky bäşinji bendiň üçünji setirindäki "Soraň" sözüni "Aýdyň(diýiň)" sözüne özgertsek näderkä? Hany göreli:

Göwün küýsän mährem sözi aýdyň siz,
Dessandyr ol, aýdymdyr ol, gazaldyr...

Ýagny göwün küýsen sözi soramakdan ony aýtmak dogry bolaýjak ýaly.

Bu goşgylara bildirlen belliklerim bilen ylalaşmanam bilersiňiz. Emma men ýönekeýje söz erkinligimden peýdalanyp öz şahsy garaýşymdan gelip çykyp pikirlermi bildirdim. Bu tankydy belliklerden magsat kimiňdir göwnüne degmek, ýa saýtda özümi akyllysumak görmezmek niýetinden uzakdalygymy bilmegiňizi islärdim. Men açmaga mowzuk tapman hem ýazmamdym bu zatlary men onsuzam wagt meselesi sebäpli saýtlara känbir giremok. Ýa saýtdaky abraý hormata tamankinçiligimem ýok. Men ýönekeý goşgy we ýazyjylyk sungatyna sarpa goýýan. Hem goşgy görsem hökman okaýan okan goşgymam hasda kämilleşdirip bojagyny bilsem näme üçin men buny aýtmaly däl. Hormatly Aýgül uýam goşgularňy okap diýseň begendim we olary gaty haladym. Kemçilikler bolsa hemme ynsanda bar. Esasy magsat kämilleşmek gerek. Kämilleşmek üçin bolsa kemçilikler üstünde işlemeli. Ilki bilen goşgy ýazmak gaty kyn zat, goşgy ýazmagy başaran adam bolsa olary kämilleşdirmegi hem başarýar. Sende "Şahyrana" zehin we "Şahyrana" ýürek barlygy görnüp dur. Meniň belliklerimi görüp göwnüňe alsaň ýa-da ruhdan düşjek bolsaň men bu mowzugymy öçürip taşlamaga gynanmaryn emma bu belliklerden dogry netije çykarjak bolsak ýene-de hereket etseň has hem kämil goşgular ýazjagyňa men gara çynym bilen yanýaryn. Sungatda we durmuşda üstünlikler ýaranyňyz bolsun. Ünis bermän göz gyny bilen okanam bolsaňyz sag boluň minnetdar.

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir