Tâze ŷylam bosagada ŷetdi diŷen ŷaly. Tãze ŷyly Rôwşen bilen "Baş Arçada" Salŷutlara seredip garşy alaly diŷip arzuw edipdik. Hawa elbetde biz şo ŷerde garşy alarys, kursdaşlarymyz, mugallymlarymyz bilen, Ŷône Rôwşen bilen bile dál...
Tâze ŷylyñ, Rôwşeniñ pikirleri bilen okuwdan çykyp gaŷdyp barŷarkam, biri:

– Salam Leŷli - diŷeninden tigsinip gitdim. Seretsem yzymdan Serdar gelŷân eken. Menem:

– Salam. Nâme gerek saña, bu ŷerlere nâme úçin geldiñ? - diŷip gaharly soradym-da ýolumy dowam etdim.

Ol bolsa ŷylgyrdy:

– Sen meni górúp begenýânsiñ, ýóne şu wagt bildirmejek bolýansyñ, beýle begenmek gerek dál - diýip degişdi.

– Serdar oýun etmesene. Múmkin seni ejeñ iberendir. Múmkin daýzam ugradandyr, bar Leýli señ bilen gúrleşer diýip. - diýip gaharly ýúzine seretdim.

– Ýok Leýli şu gezegâ hiç kim ugratmady ózúm geldim. Arada doglan gúniñde birhili dúşinşip bilmán gaýtdym. Men óz aljak gyzymyñ doly taryhyny bilesim gelýá. Onam ilden sorap dál, señ ózúñden bilesim gelýá - diýdi.

Men birhili ózúmde aýyp, kemçilik bar ýaly utandym. Ýúzimi aşak edip pikir edip barşyma:

– Taryh ýok mende hiç hili. Hawa sen bilen dúşinişmeli diýip ýórdim. Arada sen durkañ gelen oglan men doganym. Ol jigsiniñ bir oglan bilen duranyny górúp şeŷdip gúrlemán gidáŷmese, señ bilen gelip urşsynmy dagy?!.. Başga náme soragyñ bar? - diýdim.

– Ýok soragym başga. Ýóne seni has golaýdan tanasym gelýá ynan Leýli. Seni gowja górdúm. Ejem ilki guda gitdim diýip señ suratyñy górkezende şol surata asla seretmedimem. Soñ señ doglan gúniñi gutlap gaýtmaly diýilendede zordan ejemiñ gównúni ýykmaýyn diýip gitdim. Haçanda señ ýanyña baramda bolsa meñ pikirlerim, hereketlerim dúýbinden úýtgedi. Ýóne ol oglan gelip elindáki gúlini zyñanda bolsa,...
Señ sóýúşýániñ bardyr diýip pikir etdim...
Şondan soñ men señ durmuşyña goşulmazlyga karar etdim. Ejemede Ol gyzyñ halaşýany bar bolaýmasa, başga gyz gózláý diýdim. Ýóne şonda-da men arkaýyn dál-dä şol zatlary senden bileýin diýip gaýtdym. - diýip Serdar janyrgap dúşindirdi.
Ol gúrláp barýarka onuñ daş sypatyny synlap górdúm, ol górmegeý, gara gúri saçlary bar, kirpikleri edil gyzyñ kirpigi ýaly uzynja, yogyndan ýaýylyp ýatan gaşlary bar, bugdaý reñkde, úst başy arassaja, ózúne úns berýáni bildirýár kówúşem arassa ŷalpyldap dur. "Bu oglana aşyk bolup ençe gyz ýanan bolmagy múmkin, " diýip içimi gúrletdim.

– Men barada başga náme gyzyklandyrýan bolsa sora aýdaýyn - diýdim.

– Hemme zat gyzyklandyrýa, meselem aýdaly sen ynha irden turduñ onsoñ náme edýáñ, aýdyber diñleýán - diýip meñ ýúzime seretdi.

Men ýúzimi aşak edip:
– Maña beýdip ýúzime seredip sorag berseler hiç zat aýdyp bilmerin. Ýórâýeli beýdip durman - diýip ýóráp ugradym.

Serdaram meñ bilen bile ýórâp başlady:
– Ýór ýolda ýóne ózúñ barada aýtmalysyñ hókman - diŷip ýylgyrdy. Menem ýylgyrdym. Şeýdip ýôráp başladyk, men oña ózúm barada aýdyp berdim, çagalygymdan başlap şu gúnime çenli áhli başymdan geçenleri, ýóne Rôwşeni sóýýánimi aýdyp bilmedim, sebábi ol barada hiç kimiñ bilmezligini isledim. Indi ózúmem oña bolan sôýgúmiñ ýúregimde tizirák ólmegini isleýárdim.
Serdaram ózi barada aýdyp berdi.

Howada gyşyñ gúni diýer ýaly dál, tomus ýaly garalyp ýagyş ýagjak ýaly, ÿagyşyñ ysy gelip durdy. Garaz şeýdip biz biri birimiziñ taryhymyzy soraşyp ahyry óýúmize ŷetdim. Óýe ýetemizde ýagyş çisgáp başlady.

– Ynhada meñ óýúm, onda náme sagbol Serdar meni óýúme çenli ugradanyña. Ýagyşam ýagjak senem eziláýme - diýdim.

– Sagbol meñ aladamy edýániñe, Leýli biz indi górúşerismi? Sen maña gúnde seni okuwdan soñ óýúñe ugratmaga rugsat edermiñ? - diýip sorady.

Men bolsa çalaja ýylgyryp náme diýjegimi bilmán durdum. Sebábi men ýúregimde diñe Rówşendi, ýóne ejemede sóz beripdim. Şondan ýylgyryp sesimi çykarman duranymy gowy górdúm.

Ol bolsa gúldi-de:

– Molçaniýe znak soglasiýe - diýdi-de:
– Onda nâme sagbol Leýli ýenede górúşŷánçák - diýip begenip sagbollaşyp gitdi.
Menem óýe girdim. Óýde ýeke ózúm ejem işden gelen dál bolmaly, eşiklerimi çalşyp saçymy çóşúp darap, soñam iýip içmáge aşhana bardym.
Aşhanada gaty kán eglenmedim. Sebábi hiç zat iýesimem gelmedi. Óz jaýyma geçip paltomyñ júbsindáki nauşnigimi çykaryp telefonyma dakyp, óz gowy górýánje aýdymymy açdym.
Soñ aýnadan daşaryny synladym. Ýagyş çynyny edip çabga ýagyp başlady, adamlar ýagyş ezmesin diýip ylgaşýardylar.
Men daşaryny synlap
↪Iska Muslimiñ "Damjalar"↩
aýdymyny diñláp, Rówşen bilen geçiren gúnlerimi ÿatladym. Çúnki ol aýdymyñ sózleri meñ úçin dúzilen ýalydy, hasam şu setirleri:

Maña señ mâhriñ ýetmedi
Otyryn oýlanyp hem içimi gepledip
Meni sóýmánsiñ..
Aklyma wirus ýaly giripsiñ eýýám sen
Maña giñlik gerek
Maña sabyr gerek
Maña sen gerekdiñ
Sensiz çykmady janym
Ýóne ruhum ólúpdir
Içimde kyýamat bolup dur

Saña aýtjaklam kándi meñ
Ýóne aramyzda gúrriñe ýer goýmadyñ
Gózúmden çykan ÿaşlar meni boýlady
Ýalandan sóýseñem senden doýmadym....

Aýdym aýtdygyça men góz ýaşymy saklap bilmedim...
Wah náme úçin meñ durmuşym beýle bolduka.. Náme úçin Rówşen menden ap añsatjak ýúz ówúrdikâ... Náme úçin meni sóýýán diýip ózúni sóŷdúrip, indem meni biderejik zat úçin oda oklap gidip bildiká.... Şu pikirler meñ gúnde içimi kem kemden iýýárdi...

Dowamy bar....

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir