Wagt diyeninem gecip durdy. Masgalada dokuzynjy caga bolamson, ejem-kakam eyyam garrylyk mecesindedeiler. Olar meninem tizrak manlayymyn acylanyny kem gorenokdylar. Ejem halasyan oglanymyn bar-yoklygy bilen gayta-gayta gyzyklanardy. Menden jogap bolmanson, ahyr olar garyndas oglanlaryn birine guda boldular. On tanap-bilip yoren oglanym bolanson, dususyp, gurlesjegem bolup durmadym. Toy sahesdi bellendi. Bir gun oylanler joram bilen toy koynegini buyurmak ucin doganymyn ulagynda sahere gitdik. Doganym saherde eglenmeli bolup, yza yol ulagynda gaytmak ucin uly yola cykdyk. Ulag yorap ugranda biz rulun basynda oturanyn Myratdygyny bilip galdyk. Myrat bizi tanap saklanypdyr. Ol gurleyan wagty ulagyn aynasyndan assyrynlyk bilen mana seredyardi. Dusmeli wagtymyz joram dillendi:
-Toya hokman barmalydyr, Myrat. Synpdaslarymyzyn ahlisinin cakylykcysy mendirin-diydi. Myrat habarsyz bolarly, yuzi-gozi uytgap gitdi. Ulagdan dusenimizde onun yuwasjadan:"Men gija galypdyryn-da, onda..." diyenini esidip galdym. "Al, sana gerek bolsa! Yureginde bar bolsa, on nama dymyp gezdin diysene! Icimi-bagrymy dagy yakyp, gara kul etdin-le, oglan. Men sana nace garasdym..." Su oylanmalar bilen ozumi zordan oye atdym. Her nace yanyp-bissem-de, yza yol yokdy.
Bagtymdan cykan yigit meni soygi-mahir, gayynlarym alada bilen gursap aldylar. Menem olaryn soygusine soygi, mahrine mahir bilen jogap bermage calysdym. Ikitaraplayyn sylasyklar agzybir yasaysy upjun etdi. Bagtly masgalam bar. Cagalarymyzyn ahlisi yokary bilim alyp, hersi bir arzyly karin eyesi boldy. Indi agtyklarymyz yetisip gelyar. Kahalat, soyguli zurnakymyzyn sahypalarynda soygi barada berilyan ceper oylanmalary, seslenmeleri okanymda, yaslyk yyllaryma dolanyp, synpdas oglanymy yatlanymy duyman galyaryn. Gursagymda garran ilkinji soygim indi dine yatlamalarda yasayar...
Guller Dowletgeldiyewa
2.03.2021 20:56

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir