Bir seretsem Ata kakam, Altyn gelnejem, gyzlary, agtyjaklary bilen úýşip gelýáler. Men olary górúp begenip óñlerinden çykdym. Bilmedim ózúm ýeke bolanymdanmy gaty çagaçyl hem hossarçyldym. Ata kakamyñ gyzlary Máhri, Melek ikisem meni górúp begendiler.

- Waý Leýlijan ýitdiñle gyz şular ýaly garyndaşlarda toý bolup durawersin, bolmasa sen dollara dónjek - diýip Máhri degişdi.

Mâhri biziñ Uniwersitetimizi gutaryp, mugallym bolup işleýárdi. Emma durmuşa çykansoñ adamsy gabanjañrak bolansoñ işletmedi. Ýóne ol gepe sóze çeperdi. Diýen sózleri diline gelşip dur diýilýánlerdendi. Onuñ 2 çagasy bardy, olaram túweleme akja kiçijik aýyjyklar ýaly şeýle bir gowja çagalardy. Melek bolsa Máhriden iki ýaş kiçi, ol Lukmançylyk Uniwersitetinde okap ýórká durmuşa çykypdy. Onuñ enták çagasy ýokdy. Ata kakam gyzlarynyñ ikisinem gaty gowy górýárdi. Káwagt:

- şu gyzlarymy 10 oglanada çalyşmaryn - diýýádi.
Ynha-da kópden bári garaşylyp ýórilen toý başlady. Máhri, Melek, men úç bolup toýuñ başlaýşyna seredip durdyk. Ejem bilen Altyn gelnejemi Maýsa ejem óýe alyp giripdi. Toý gyzgalañly başlandy. Toýa gelen myhmanlar saçak başyna stola geçdiler. Hyzmat eden gyzlar tansa başlady. Bizem stola geçdik, naharlar alyp berilip başlandy. Bilmedim men birhili biriniñ gelýánini añan ýaly beýláme seretsem ak kóýnekli, gara balakly, kówúşlerine seretseñ aýna ýaly seretseñ ýúziñ górúnjek, gógúmtik kastýumly, galstugam kastŷumyna górá reñkdeş, garaja saçlary ŷalpyldap duran, gara gózleri owadan bolup Rówşen gelýá. Ol ýakynlaşdygyça bize tarap geldi-de doganlary bilen salamlaşdy.

- Buu Rówşenjan jigim sená tanar ýaly bolmansyñ ak atly şazada meñzápsiñ - diýip ýene Máhri degişdi. Olam ýylgyrdy da, gózi maña dúşdi:

- Ýemśik, gyşyk - diýdi.

Menem gózúmi alardyp beýláme bakyp oturyberdim. Soń Rówşen oglanlañ ýanyna geçip oturdy. Şonda Melek:

- Allajan şu Rówşenjan jigimizede kakama, ejeme rakypja gowja gelin duşup şular ýaly atly abraýly toý etsek - diýip dileg etdi...
Toýuñam gyzykly pursatlary geldi. Ýaşlary myhmanlañ arasyna çagyryldy. Her kim başagaýdy, biri tans edýá, biri zat paýlaýa, biri çapak çalýa ýene biri ýaşlary tans etdirýá.. Garaz túrkmeniń toýy hasam beter howludaky edilýán toýlary gyzyklyja geçýá..

Toýy synlap durkam Rówşeniñ tans edip ýóreninem górdúm. Soñ ýaşlary óz ak óýlerinde oturdyldy. Gelen myhmanlar, guda taraplar, áhlisi toý gutlaýalar. Máhriñ çagalary ýadadylarmy bilmedim, aglaşyp "mama" gitjek diýip başladylar. Máhriñem gahary gelýá hem toý góresi gelýá bir tarapdanam çagalary aglaşyp durlar. Menem oñ bolup durşuna dózmedimde:

- Getir men bulary biraz gúýmáýin soñam mamasyna ertip geleýin - diýip oglunyñ eljagazyny tutup, gyzjagazyny bolsa kiçirák bolansoñ góterdim. Soñ olary Maýsa ejemleñ howlusyna ekskursiýa aýladym)). Ekskursiýadan soñ Altyn ejeme berdim. Ejem ikisi óýde saçagyñ başynda oturan ekenler... Yzyma çykyp gelýárkám óñúmden Rówşen çykdy.

-Ýemśik gyşyk nirá gitdiń - diýip ýylgyrdy.

- Náme yzarlaýañmy meni? Onsoñam men ýemśigem dál, gyşygam dál, ol sózleri óz aljak gelniñe diý - diýip gaharlandym. Soñ náme diýenini dińlemedim ýóráp gitdim. Ol bir zatlar diýdi ýóne eśitmedim..
Birden Yzyma seretsem ol haýdap gelýá, menem buñ gaharyny getirdim óýdýán diýip haýdap ugradym. Ýóne náme oglanyń ádimleri gyzyñky ýaly dáldã, derrewjik yzymdan ýetdi. Iki elimden gowy tutup, súýráp Maýsa ejemleń gerekmejek goşuny goýulýan jaýa dykdy. Ol jaý howlyñ aýak ujyndady. Ol ýere bular ýaly toý gúni gara berjek adam ýokdy. Men oña:

-Ala samsyk, dinduk góýber elimi, ejeme aýdaryn seni, Altyn gelnejeme, Ata kakama aýdaryn. Däli góýber diýýán - diýip gaharly, hújúmli gygyrdym. Ol bolsa azarynada dáldi. Ózúne diŷilmeýán ŷalydy, meni idenekledip súýráp barýardy. Oglanyñ gúŷjiniñ ýanynda gyzyñ gúýji hiç zat eken. Men oña hiç gúýjim ýetmedi. Beter ysgynym gaçyp barýardy....

Dowamy bar....

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir