"Sen Hakyky Dáli" 2-nji bôlûmi (bolan waka).


Soñ bir gûn klasdaşym ôŷlenŷâ diŷip joram çakylyk getirdi. Joramy gôrmedigime esli wagt geçipdir. Has dogrysy Mekdep gutardyşyndaky gôrûşim. Ony gôrûp gaty begendim. Joram bilen âhli klasdaşlarymyzy ŷatlap, mekdep gûnlerinde bolan her hili gûlkinç wakalary ŷatlap gûlişdik, garaz ŷurduñ ol çetinden girip bu çetinden çykdyk)). Soñ joramy ugratmaga çykdym, sagbollaşdym bir gôrsem Rôwşen gelŷâ añyrdan elinde-de uly iki sany her elinde paket. Onuñ uzyn boŷy egrelip gelşinden elindâki paketler agyrdygy billirŷâr. Oña Seredip durşuma oñ nâdip maşyndan dûşip meñ golaŷyma gelenini bilmândirin. Gaty çalt hereketler bilen ŷetdi.

Soñ:

- Leŷli gowumy ŷagdaŷlañ ynha şulary al ejem iberdi - diŷdi-de paketleri meñ ŷanymda goŷup yzyna ôwrulmekçi boldy.

- Gowulygyna gowy welin... Men bulary nâdip gôtereŷin ŷôr ôzûñ âkidip berâŷ - diŷdim.

- Nâme indi şunça ŷyl ŷaşap iki sany paket gôterip bileñokmy haŷ borda arman Leŷli bolaŷŷañda bolmasa... - diŷdide meñ bilen paketleri gôterip ôŷe ŷôredik.

Ôŷe girip paketleri goŷdy, soñ:

- hany Bâgúl gelnejem nirede - diŷdi. Oña çenli ol jaŷdan ejem çykyp:

- Waheŷ Rôwşenjan oglum bu paketleri azap edip getiripsiñ - diŷip paketleri gôrûşdirdi.

-Bâgûl gelneje ejem iberdi olary aŷ ûŷtgeşik azaby ŷokla almajyk, gôk ônûm ôŷe alanda sizede alaŷypdyr - diŷdi.

Soñ ŷôremekçi boldy birden çakylyga gôzi dúşdi:

- Bâ bu kimiñ toŷ çakylygy, kim gôrgûliñ bagty ŷatŷa indi - diŷip açyp gôrdi.

- Meñ klasdaşym Meŷlis bara şol ôŷlenŷâ - diŷdim.

- Maŷsa ejeñiziñem toŷy ŷetipjik gelŷâ nesip bolsa - diŷip ejemem gôşuldy, soñ paketleri alyp aşhana gitdi.

- Leŷli gitjek bolŷañmy bu toŷa? - diŷip sorady

- Hawa hâ nâme gitmeli dâmi?! - ôzûne sorag ãheñde jogap berdim.

- Ŷok - diŷdi-de çakylygy dûŷrledide jûbsine saldy.

- Wiŷ ol nâme etdigiñ getir bârik meñ çakylygymy, nâme ûçin beŷtdiñ - diŷip gaharlandym.

- Ŷok seni âkidip, getirmâge elim degenok, şoñ ûçin oñaŷ - diŷip meni itekledi. Menem:

- Âkitmân geç, getirmân geç ôzûm gidip gelerin, sensizem gidip gelip bilerin, dûnŷáñ diregi sen dál-á - diŷip ony itdim. Rôwşeniñ gôzlerinde ot ŷanan ŷaly bolup yzyna siltenip gitdi. Onuñ gahary geldi, ýóne hiç zat gûrlemân, elini sagbol diŷen âheñde galgadyp çykyp gitdi.

Menem şol toŷa ôzûm gidip geldim.
Şol klasdaşymyñ toŷunyñ dawasyndan soñ Rówşen óýkeledimi bilmedim, ýóne dúýpgóter úýtgedi. Óñki gúnde okuwdan bile gaýdyp ýóren Rówşenim edil ýere giren ýaly górúnenokdy. Diñe irden nizamda duranyny górýádim, a ol bolsa maña tarap seredenokdam, hamala men oña ýat adam ýaly, óñúmden çyksada górmedik bolýady.
Ynha ondan bârem ep-esli wagt geçáýipdir. Bu gúnem şol haçandan bári garaşylyp ŷórilen garyndaşymyzyñ has dogrusy Maýsa ejemleñ toýy. Maýsa ejem kakamyñ uly aýal dogany, elbetde ol toýda áhli kakamyñ dogan garyndaşlary hem bar. Maýsa ejemler şáheriñ eteklerindáki obalaryñ birinde ýaşaýardy. Olar gurplyja ýer bolansoñ howlusynda jaý baryny salyndy. Ol jaýlaryñ otaglary dagy sany sajagy ýokdy.
Ejem ikimiz toýdan gijá galaýmaly diýip ýola dúşdik. Toý ýerine geldik, enták toý başlamandyr. Howludaky toŷuñ máhellesini ôzûniz bilýáñiz kóplúk. Her hili, her ýerden myhmanlar gelýár...Al ýaşyl ôwûsip gelin - gyzlar, şaŷ seplere bezelen. Saçlaryda owadan, gelinleriñ gyñaçlaryda owadan dañylan, garaz eýlákde beýlák bolup haýdaşyp hyzmat edip ýórler...

Dowamy bar...

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir