Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany


Arkadagyň belent pähmi Watanmyza şöhrat berýär,
Arkadagyň köňül mähri sungatyma ganat berýär,
Türkmenistan – eziz Diýar, ak ýollarda öňe barýar,
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – şöhraty-şany,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Arka-arka geçip geldi bagşyçylyk sungatymyz,
Dutar, gyjak, tüýdük, gopuz... mirasymyz, gymmatymyz.
Aýdym-sazlar, şirin mukam dünýä dolýar owazymyz,
Giň jahanda belent bu gün gül diýarymyzyň abraýy-ady,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Döwre guran milli tanslar bezegidir şanly toýlaň,
Döwrebap tans sungatyna dünýä içre sarpa goýlan.
Türkmen tansy parahatlyk ýollarynyň waspyn eýlär,
Arkadagly Watanymyzda rowaçlanýar türkmen sungaty,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Operamyz rowaçlanyp, ulus-iliň sarpasynda,
Kämil sahna eserleri teatrlaryň sahnasynda,
Arkadagyň goldawyndan täze joşgun sungatymda,
Döwrebap hem millilikde goýulýar täze sahna oýunlary,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Bu gün döwlet sirkimizde ösüşler bar dünýä ýaýran,
Dal bedewler segräp çyksa märekäni goýar haýran.
Bu gün sungat ussatlarny galkyndyrýar ajap döwran,
Dünýä meşhur «Galkynyş» milli at üstünde oýunlar topary,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Muzeýleriň hazynasy – asyrlaryň şöhrat-şany,
Ýer ýüzüni haýran goýýar halkymyzyň gymmatlygy.
Muzeýlerde – kämil ösüş, sanly ulgam, wirtualy,
Baýlaşdyrýar taryhy tapyndylar muzeý hazynalaryny,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Ýurduň kitaphanalary paýhaslaryň bossanlygy,
Arkadagyň kitaplary – dillermiziň dessanlary!
Elektron kitaphanalar ösüşleriň nyşanlary,
Ýaş nesiller ganatlanýar okap pähim-paýhas ummanlaryny,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Zergärleriň şaý-sepleri gözelligiň şuglasydyr,
Suratkeşleň eserleri ylhamlaryň ganatydyr.
Kämilligiň ýollarynda heýkeltaraş sungatydyr,
Köňüllerimiz joşýar synlanyňda gözelligiň dünýäsini,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Ýokary we orta okuw jaýlarynda bilim almak -
Kämil sungat dünýäsiniň ýollaryna ganatlanmak.
Bagtyýarlyk döwrümizde rowaçlanýar has-da ösmek,
Arkadagymyz gurduryp ýör täze medeni binalaryny,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Medeniýet öýlerinde dürli gurnak hereketde,
Ussaçylyk, senetçilik, el hünäri, gaýma-keşde.
Ýaş nesilleň yhlasyndan milli sungat özgerişde,
Arkadagmyz serpaý berdi «Jahan» döredijilik merkezini,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Kinoteatr, kinokonsert merkezleri şowhun-şatlyk,
Kino sungat eserinde parahatlyk, ynanyşmak.
Hoşniýetli ýörelgeden kemal tapýar raýdaşlyk,
Ajap döwrümiziň waspy bezär türkmen kinofilmlerini,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

ÝUNESKO-nyň sanawynda orun alan gymmatlyklar-
«Görogly» dessançylyk, haly, küştdepdi sungatymyz!
Arkadagyň paýhasyndan milli miras şöhratlanar,
Dünýä ýüzi gördi bu gün medeni mirasymyň ykraryny,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Bu topraga nazar salsaň, taryh görner, şan görüner,
Nusaý, Köneürgenç, Kerki, Merw hem Dehistan görüner.
Beýik Ýüpek ýoly bilen dünýä uzan ýol görüner,
Heňňamlara şaýat bolan kerwensaraýlary, galalaryny,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Medenýeti arşa ýaýýan Arkadaga alkyş bolsun!
Sungatyma sarpa goýýan Arkadaga şöhrat bolsun!
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk goşa ganatydyr halkyň,
Arkadagyň saýasynda barha artýar toýlarmyzyň hatary,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Akmyrat REJEBOW

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir