Adamyň beden agzalary bolan iki sany gulakdyr göz we agyz bir gezek öz aralarynda haýsynyň köp dynç alýandygy barada gürrüň edipdirler.

— Biz daş-töweregimizde goh-galmagal bolmasa, asudalyk, rahatlyk bolanda dynç alýarys — diýip, iki gulak hem aýdypdyr. — Biz haçan-da hojaýynymyz uklanda dynç alýarys — diýip, gözler dillenipdirler.

— Men haçan-da gulaklar diňleýän wagty dynç alýaryn — diýip, agyz aýdypdyr.

— Biziň üçimizem dynç almaga wagt tapýar ekenik. Ýöne ine, ýürek haçan dynç alýarka? Ol adam doglandan tä soňky pursadyna çenli işleýär ahyryn — diýip, pikire batan gulaklar beýlekilere soragly bakypdyrlar. Olaryň üçüsi-de bu sowal bilen ýürege ýüzlenipdirler.

— Gijedir gündiz dynç alman nädip sen işläp bilýärsiň?

— Men hojaýynym ýürekdeş adamlary bilen hezil edip söhbetdeş bolanda dynç alýaryn — diýip, ol jogap beripdir.

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir