Belki jogap bermesi kyn sorag. Ýöne durmuş aňsat bolsady gadyry bolmazdy. Parhsyz bolardy. Geliň indi bu gün bu soraga jogap berjek bolalyň.

Ilki bilen meň pikrimçe aşyk bolmak we söýmek bir zat däl. Muny başga bir mowzukda näme üçin beýle däldigini aýtmakçy.

Aşyk bolmak ýa-da söýmek hem aýtsak hiç hili ýagdaýda ýürek synamyz bilen baglanşygy ýokdur. Ýürek diňe gan itekleýär. Eger size ,, Men seni ýürekden söýýän ýa-da saňa ýürekden aşyk boldum" diýseler, onda size eýýämden ýalan sözleýärler diýmekdir. Näme üçin beýle diýilýärka onda, sebäbi aşyk bolmak we söýmek diňe kelle beýnimiz bilen baglanyşykly we biziň beýnimizden informasiýa (habar) ýüregimize gelýär. Olam çalt gan iteläp başlaýar, ýagny çalt ýygrylýar. Ýagny aşyk bolmak beýniniň işi, ýürekde bolsa ol duýulýar.

Aşyk boljak ynsanymyzy ilki görenimizde, şol wagt 1,5 sekuntda beýnimiziň gipotalamus diýip atlandyrylýan bölümi ol ynasanyň DNK-syny, ýagny ähli maglumatlaryny seljerme etýär. Nädip, ynasnlaryň bedeninde işlenip çykarylýan jyns we beýleki käbir gormonlarynyň netijesinde. Biz ol gormonlary göremzok, ysyny hem alamzok ýöne, gipotalamus olara duýdur. KImlere, Dofamin, Serotonin we zenanlarda esterogen (hem-de degişlilikde prolaktin we laktin) , erkeklerde testesteron (ýa-da androgen). Gipotalamus bularyň düzümini seljerýär we eger-de bize ,, Nesil öndürmäge ýaramly we ýaramsyz" diýen ýaly habarlary beýniniň maňlaý bölümine iberýär.
Eger-de iberen habary ýaramly bolsa eýýäm aşyk bolmagyň 1-nji tapgyry amala aşyryldy.
2-nji tapgyr kelle beýnimiziň maňlaý we depe bölümleriniň gabyklary bilen baglanyşykly. Onda şol ynsan barada seljerme edilýär. Meselem: nämäni gowy görýär, statusy näme, haýsy erbet endikleri bar we ş.m. Bu tapgyr siz onuň bilen näçe wagtlap bile wagt geçirýändigiňize bagly bolýar.
3-nji tapgyr bolsa indi beden umumy ol ynsany kabul etdi onuň maglymatlaryny (DNK-syny) özümiziňki bilen 70-80% deňeşdirdi we oňaýly diýen netijä geldi. We biz ol ynsana aşyk bolduk.

Aslynda hakykatdan aşyk bolan adamlaryň näme üçin aýrylanlarynda döş boşlugynda we ýüreginde boş ýaly, ýa-da birhili agyry döreýärka onda diýen sorag ýüze çykýar.

Onuň sebäbi: ýüregiň öz awtomatiýasy bar, ýagny ýüregi bedenimizden aýyrsak beden öler ,ýöne
ýürek belli bir wagtlap ýygrylmagyny dowam eder. Hem-de döş boşlugymyzda öýkenimiz bar we oňada her 4 sekuntdan habar baryp durýar, ýygrylmagy üçin. Onsoň kelle beýnimiz bedenmiziň ähli nerwlerine habar berýär: ,,Indi ol ýok, başgany nädip oň ýerine goýaýyn. Iň oňaýlysy şol ynsandy meň üçin" diýen ýaly beden çökgünligi başdan geçirýär. Gipotalamus örän gynanýar. Sebäbi 1,5 sekunduň içinde 1-nji bolup bizi aşyk eden synamyz. Günäkär ol, 1,5 sekuntda ynsan tanalýarmy????


Dowamy bar.

Bilim, Lagly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir