-Alo,bu tiz kömekmi?
-Hawa,tiz kömek.
-Aýalym:"Buratino"-diýip,bakalaşkadaky benzini içip goýupdyr.Indem içi ýanyp,köçede ylgap ýör.
-Alada galmaň!10 kilometrden soň benzini gutarsa,özi öçüp galar.



80 ýaşly garry 18 ýaşly gyza öýlenipdir.Dokuz aýdan soň gelnini raddoma getiripdir.Wraç:

-Aý berekella ýaşuly,şu ýaşdan soňam...Munuň syry näme-de?

-Matory aýawly saklamaly.Deger-degmezlere ulanmaly däl oglum!

Indiki ýyl hem garry gelnini raddoma getiripdir.Wraç ýene haýran galyp:

-Aý berekella ýaşuly.Munuň başga bir syram barmy?

-Matory hemişe taýýar ýagdaýda goýmaly oglum!

Üçinji ýyl garry ýene gelnini raddoma getiripdir.Bu ýyl hem şol wraç oturan eken.Gelni dogrup bolandan soň wraç garryň ýanyna barypdyr.

-Ýaşuly,matoryňyzyň ýagyny çalyşmasaňyz bolonok öýdýän.Çagaňyz gap-gara doguldy.



Garry professor talyplara ýüzlenýär:
-Ýaňy-ýakynda bir düýş görüpdirin.Düýşümde talyplara leksiýa okap otyryn.Turup seretsem,çyndanam talyplara leksiýa okap otyran ekenim.



Analizlerimi tabşyraýyn diýip peşewimi,buzzdan boşan bakalaşka guýup bardym.
Labaratoriýadaky gyzlar bolsa maňa garap:
"Waý,azara galyp näme etjekdiňiz?Sagboluň!"-diýip goýberdiler.



Şu internet çykandan soň,ýaşlarymyz okamany we ýazmany öwrendiler.


-Dokdor,men operatsiýadan gaty gorkýan.
-Gorkmaň bimar!Bu meniň 23-nji operatsiýam.Iň bolmanda şu bir ýitgisiz geçsin.


General woýenny çasa gelip,polda ýatan çilimiň galyndysyna gözi düşüpdir.Ol esgerden sorapdyr:
-Bu çilim galyndysy kimiňki?
-Hiç kimiňki däl ýoldaş general,arkaýyn çekiberiň!



Bir adam magazine gelip:
-Çörek barmy?
-Ýok.
-Zawarka barmy?
-Ýok.
-Şeker barmy?
-Ýok.
-Magazinde hiç zat ýok bolsa,ony ýapyp goýmaly ekeniňiz!
-Wah,ýapmaga açaram ýok.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir