Türkmen adynyň gelip çykyşy häzirki wagtda bolşy ýaly, geçmişde hem alymlaryň ünsüni ep-eslije özüne çekipdir. Bu hakda irki alymlaryň arasynda iki pikir bolupdyr.

Bularyň birine görä TÜRKMEN sözi, TÜRK we pars dilinde bolan MAN (manänd: meňzeş, meňzän) goşulmasyndan döräp, türke meňzeş diýmekdir. Al-Biruni we Kaşgarly ýaly uly alymlaryň hem şeýle düşünmekleri, XI. asyrda bu pikiriň giňden ýaýrandygyny görkezýär.

XIV. asyrda hem Eýranda şeýle bir açyklama kabul edilipdir.

Ikinji pikire görä TÜRKMEN, TÜRK-I IMAN (iman getiren türk) sözünden gelip çykypdyr.

Häzirki wagtda bolsa, TÜRKMEN sözi TÜRK we atdan (isimden) we işlikden artykmaçlyk we üýtgeşiklik sypatyny ýasaýan MAN/ MEN ( gojaman, edermen, degirmen we …) goşulmasyndan emele gelip, asyl türk, soý türk manysyny berýär diýen pikiriň üstünde durulýar.

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir