Hakyky söýginiň nämedigini bilmek isleýänleriň, bu mowzugy soňyna çenli okamaklaryny haýyş edýäris.
Belkide dogry ýoldan ýöremegiňize sebäp bolar.

Allahdan islenen zat haýyrlydyr, emma biziň öz saýlan zadymyzda şer barmy ýa-da haýyr barmy ony bilemzok
Şonuň üçin Allahdan haýyrlysyny islemeli.

***

Söýgi ölüm ýalydyr. Haçan geljegi belli bolmaz. Şonuň üçin söýgini gözläp tapyp bolmaýar, çünki her zadyň öz wahty bar, howlukmaçlyk etseň haýry şere öwürersiň.

***

Allah sabyr edenler bilen biledir.

***

Allahyň gadagan eden zatlaryny etmejek boluň. Çünki ony edenler ne bagtly ne-de bile bolup bildiler.

***

Kim bilýär, belkide ol güne düşenler içimizde birimiziň uýamyzdyr, ýa agamyzdyr, ýa-da Ene-atamyzdyr.

***

Ýaşlaryň biri-birine bolan söýgüsi newis söýgüsidir.
Eger seni oglan ýa-da gyz söýýän bolsa newis bilen söýmekdir.

***

Newis näme etdirer bize?

Newis biziň erbetlk etmegimizi islar.
Allaha garşy gelmegimizi islär.
Meselem: Allahdan güýçli söýmek, el-ele tutyşmak, öpüşmek, gujaklaşmak, nykalaşmadan öň zyna etmek, we ş.m...

***

Näme üçin Allah munyň üçin newis söýgüsini berdi?
Newis söýgüsini size şeýle düşündireýin:
Çaga newis söýgüsinden emele gelmekdedir.
Allah şonuň üçin adamzada newis söýgüsini beripdir.

***

Är-aýal zynadan soň aýal maşgala gereksizleşer. Munyň sebäbi newis söýgisiniň boşalmasydyr.

***

Hakyky söýgi Allaha bolan imanymyzdyr.
Eger aýal maşgalada ýa-da erkek kişide iman ýok bolsa 2-3 ýa 7-8 ýyl soňra aýrylyşyp bilerler.

***

Diňe aýrylmak bilen çäklenmän başgalarynyň hem durmuşyny bulaşdyrmalary gaty ähtimaldyr.

***

Şonyň üçin ejesiniň kakasynyň puluna jentlmen bolany däl-de garypja çatmasynda imanly we seni hemişe gorap söýjek birini söý.

***

Eger aýralyk başyňa gelen bolsa özüňi kösäp aglama.
Çünki Allah seniň ýüregiňi bileni üçin ýalňyş adamy öňüňden aýyrýar.
Giň Bol!

***

Sen söýgüliň bilen oturup çaý içerdiň, el-ele tutuşyp gezerdiň. Bu gün sen ýalňyzsyň, ema daş töweregiňe seredeňde her kim gülüşip bagtlydyr.
Ýöne sen bir gyrada oturyp kemsinýäň, ejizleýäň, ony ýigrenseňde ýene ýatlaýaň.
Sebäbi söýýäň. Ýöne bir gün ýat bolar.
Unutma!
Hakyky bagt söýen wagtyň däl ýalňyz wagtyň bolandyr.

***

Pygamberimiz(Sallallahu Aleýhi we Sellem).
Şeýle buýurar:
Haýsy aýal adamsy ölende ondan soňra durmuşa çyksa ol, jennetde (dünýäde ýok wagty nikasynda ölen) soňky adamsynyň aýaly bolar.

***

Allahyň goragynda boluň!

Turkmen Vid tarapyndan hödürlendi.

Sorag-jogap, Mr.WriTer tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir