Ynsan ömri diýeniň bir suwyň ýüzüne düşen aýyň şöhlesi ýaly zat — haçan-da bolsa bir wagt öçäýmeli. şony bilip durkaň, ömrüňi ýagşylykdan başga zada sarp etme.
***
Hiç haçan gahar-gazabyň alnyna düşme, hiç kimi ýigrenme, dostuňy satma, erbet adama sarpa goýma, tumşugyňy göge tutma, kiçä ýamanlyk etme, hapa sözden hem gaça dur.
***
Hiç bir zat öz-özünden betnyşan bolup görünmeýär. Adamyň göwnüne näme ýarasa, şol hem onuň gözüne ajaýyp bolup görünýär.
***
Üç işiň başyna baranyňda — söýgüde, naharda we baýlygyň ugrunda nebsiňe haý diý. beýleki bir üç işde welin — bilim almakda, hereket etmekde we jomartlykda hiç haçan özüňi çäklendiriji bolma.
***
Bagta ymtylmaýan, betbagytlykdan bolsa gorkmaýan adam ýok. Bagtly bolasyň gelýän bolsa, il-günüň bagty üçin alada et. Şony başarsaň bagtly kişi bolarsyň.
***
Öz tebigatyna ynanýan adam aňsat günä gazanýan däldir.
***
Özi pes adamyň gopguny güýçli bolýandyr. Eýsem, mis şaňňyrdanda, altynyň sesi çykýarmy?
***
Öý bikesiniň ýüzünden gar ýagyp duran maşgala derrew dargamak bilendir. Öý bikesi güler ýüzli, bagtly bolsa, maşgala gül açar gidiberer.
***
Maksady ýamanlyk bolsa, ylmyňam, bilmiňem haýry ýokdur. Üstüne tabak düňderilen şamçyragyň näme peýdasy bar?!
***
Her kelläň öz pikiri, her tiräň öz däbi, her diliň öz sözi bolýär.
Cheshme:vk.com
Ak sakgalyň pähimlerinden
- 
                Döwlet Aşyrovv
                4 years ago
                
- +++++
- 
                Yylgyn
                4 years ago
                
- durdyyevv sen ınsta gıryanmı
 #Ailara
- 
                Реалист01
                4 years ago
                
- 99x +
- 
                @durdyyevv05
                4 years ago
                
- Yylgyn1 minute ago
 durdyyevv sen ınsta gıryanmı
 
 #Ailara
 
 Hava edil shu nikde giryan
- 
                Yylgyn
                4 years ago
                
- tanysh gelya diydimle
 #Ailara
- 
                Yylgyn
                4 years ago
                
- a_kerven tanayanmy shuny 05 yyly
 #Ailara
- 
                @durdyyevv05
                4 years ago
                
- Yylgyn1 minute ago
 a_kerven tanayanmy shuny 05 yyly
 
 #Ailara
 
 Yo onem sorapdyn sen menden shuny :D
- 
                Döwlet Aşyrovv
                4 years ago
                
- Telini alagay kyn gormesen yusup
- 
                Yylgyn
                4 years ago
                
- Pod edeyin seni snm pod edersnda
 #Ailara
- 
                yekejam.
                4 years ago
                
- Gaty manyly sôzler.Sagbol awtor
Yylgyn 4 years ago- ++++++++
 
#Ailara