salam dostlar. arada gozgalan adybir meseläni ýene-de gozgamaly bolýan. ozalky ýazga jogap ýazan nokat hem-de lider dostumyzyň diýýänleri meni biperwaý goýmady.ýaşlaryň arasynda dogduk topragymyzyň,jemgyýetimiziň meselelerine şeýle sagdyn hem real garýyşlar meni diýseň begendirdi.ol jogaplary okan herbir türkmeniň hem göwnünden turandyr diýip pikir edýän.diýmek biz her bir il yurt meselesine şol sanda tw meselesine töwerekleýin pikirleri orta atsak pozitiw, kämil pikirler döräp biljek ekeni.belki şu taýdan çykan pikirler biziň nalaçedeýin tw işgärleimize bir gollanma bolup bilmegi ahmal.belki... ýöne hormatly prezidentimiziň aýdanlaryndan düzüw netije cykarmadyk adamlardan beýle umydygär bolmak pagtabentlik bolar. onda da çykmadyk janda umyt bar diýýärler. Ozalky ýazgyda goýulan sorag ”milli tw halkymyz üçin habar çeşmesi bolmak wezipesini nahili ýerine ýetirmeli.” sizden hem şu soraga jogap boljak pikirleri ýazmagyňyzy haýyş edýärin. Bu ugurda men de şeýle bir garaýyş bar. Edil dünýä halklarynyň hemmesinde boluşy ýaly ”tazelikler” ya-da ”habarlar” programmasy bolmaly. Watan, jahan yaňy ,iň täze habarlar ýaly gepleşikleri birleşdirmeli ” habarlar” programmasynyň içine ýerleşdirmeli. Ilki watanymyzdaky habarlary soňra daşary ýurt habarlaryny ondan soň bolsa sport we howa maglumaty bilen jemlemeli. Bu ugurda bize dünýanin hemme döwletleiniň tw kanallary nusga bolup biler.belki ýorite habarlar kanaly hem açylyp biliner.bu elbetde formaty, mazmuny bolsa dogruçyl, hem hakyky hem-de peýdaly informasýalar bolmaly. Şol sanda wagtynda halka ýetirilmeli. yene de bir bellik beýleki gepleşiklerde hem reportajlary tanymal politolog , analitik, hakyky bilermen, sowatly hünärmen adamlar bilen etmeli bütin bir ömür kezzaplykda ýakasyny tanadan aýdýan sözüniň many mazmuny ýok garrylary (elbetde hemmesine degişli däl) ýa bolmasa iki sözüň başyny jemläbilmeýan körzehin ýaşlary efire çykarmaly däl olardan halk elli bizar. Olaryň aýdanlaryndan hiç hili peýda bolmaz. Mysal üçin atasynyň haram puluna okuwa giren talybyň ’ men özümi bagtly hasaplaýan ýokary okuwa girenligim üçin’ diýen ýaly sözleri kime derkar. Garaz bu ugurda aýdylmaly diýilmeli zat kän. Ozalky ýazgynyň ýeri: http://www.talyplar.com/3748-milli-tw-barada.html

Köneler, teshnewi tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir