Twus deyin towlanjyrap yörir sen, Towlanjyrap yöriyşinden aylansam. Owsun atyp naz-kerişme garar sen, Naz kerişme garayşyndan aylansam. Çöken göwnüm galkyndyran nazli yar, Goyma meni yollaryna intizar, Ol gözlerin jadylayjy güyji bar, Jadylayjy gözlerinden aylnsam. Leblerinde bal damjasy görünyar, Kampa-kampa damsam diyip urunyar, ''Posa''-diyip al yanaklar yalbaryar, Nar gyrmyzy yanaklandan aylansam. Çare yokdur jany orta goysamam, Ak göwsüne kükregimi oynasam, Göwün bersen, armanym yok ölsemem, Göwsündaki mamelerden aylansam. Beyle apat görmedim men yaranlar, Sizden medet perişdeler-erenler, Yşk hanjaryn yüregimden urandyr, Sülük barmak, gollaryndan aylansam. Kakamyrada bu dünyede sen gerek, Sen ugrunda bolup yörün jan serek, Name bolar söyyan diysen bir gezek, Söyyan diyen dillerinden aylansam. K.BAYRAMOW

Köneler, jalaylar tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir