seriallary yzarlamany kän halammok, kän serial göremmogam. sebäbi iň gyzykly ýerinde gutarýalar welin janyň ýanýa. ýöne "avrupa yakası" beýle däl, bir mesele bar bolsa şol seriýada çözýäler :D, we her sariýasy aýratyn bir waka diýseňem bolýar. türk seriallarynyň arasynda görer ýaly ibaly diňe şol bar diýseňem boljak. hepdäniň 3-nji güni täze sezony başlady, 6. sezon. seredip, gülüp-gülüp içim gyryldy... öňki oýunçylaryň köpisi gidipdi(sajit, iffet, kubilaý we ş.m.), yzyny nähili edip öňkä baglarlarka diýip seretdim, gaty gowy bolupdyr. onsaňam volkan(ata demirer) seriala ýaňadan dolanmagy bilen has gyzykly we gülkünç bolupdyr... şoň ýeke özi ýetiklaý... eger serialy görerin diýseňiz şu ýerden online seredip bilersiňiz. kompiýuteriňize almak üçin: 1. bölek 2. bölek 3. bölek 4. bölek 5. bölek 6. bölek 7. bölek

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir