Bir enäniñ gyzyn hoş söze baglap,
Aldama, biderek oýnajak bolsañ.
Her gün göz ýaş bilen ýüregin daglap
Oýnama wagt üçin güýmejek bolsañ.

Ýagşy sözläp bal kölüne batyryp,
El göterip urma ýary iterip.
Soñra arman bilen dañar atyryp
Soldurma bir güli söýmejek bolsañ.

Gyzda-da ýürek bar seniñki ýaly,
Üýtgeşik bagt islär iliñki ýaly,
Duýsan mähir bardyr gülüñki ýaly
Soldurma mährini duýmajak bolsañ.

Şeýtseler ýararmy seniñ uýana,
Degseler edepli namys haýana
Saklajak bol salkyn berýän saýana,
Öz uýañ ahyna köýmejek bolsañ.

 

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir