1946-njy ýylda BMG radiosynyň döredilen senesi 13-nji fewral hasaplanýar.1950-nji ýylyň 12-nji fewralynda Ýewropanyň radiogepleşikler birleşmesi döredildi. Onuň baş edarasy Ženewa şäherinde ýerleşip, diňe Ýewropada däl, eýsem Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda hem agzalary bar. 2011-nji ýylyň iýun aýynda ÝUNESKA ähli gyzyklanýan taraplar, şol sanda ýaýlym birleşikleri, jemgyýetçilik we halkara ýaýlym guramalar, BMG-nyň agentlikleri, fondlar we programmalar akademiýa pudagynda işleýän hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen giňişleýin maslahatlaşdy.

2012-nji ýylda BMG Baş assambleýasynyň tassyklamasy esasynda Bütindünýä radio gününiň halkara senesini 13-nji fewral diýip yglan etdi. Radio häzirki wagtda iň köp ulanylýan metbugat bolmagyny dowam etdirýär. Bütindünýä radio gününden başga-da, bu görnüşli aragatnaşyk muşdaklary Bütindünýä radio höwesjeňler gününi hem belleýärler. Radio, adamzadyň işlerini ilata habar ýetirmek üçin üýtgeşik ukybynyň bolmagy, onuň köp medeniýetli jemgyýeti döretmäge kömek edip bilijiligi, her nukdaýnazardan seslenmegi we eşidilmegi üçin platforma bolup çykyş edýär. Radio stansiýalary, daşky görnüşi we mazmuny boýunça dürli programmalary hödürläp, ilatyň dürli toparlarynyň bähbitlerine hyzmat edýär. Global derejede radio iň köp ulanylýan köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolmagynda galýar.

Bütindünýä radio gününiň maksady köpçüligiň we metbugatyň arasynda radionyň ähmiýeti barada has köp habarlylygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Giňden tomaşaçylara ýetirmek üçin bu özboluşly ukyp bolup, radio jemgyýetiň köpdürlilik tejribesini emele getirýän meýdança bolup biljekdigini aňladýar.

ÝUNESKO Bütindünýä radio günini 2021-nji ýyl mynasybetli bir asyrdan gowrak radio taryhyny, şeýle hem bu halkara gününiň onunjy halkara baýramçylygyny bellemäge çagyrýar.


çeşme: zamanturkmenistan

Tehnologiýa, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir