1)Maýk Taýsoň professional ringde
geçiren boks ýaryşlarynyň 51-sinden
21 -sinde garşydaşyny ilkinji sekuntda
nokaut bilen ýatyrdy.

2)Atly ýadygärliklerde eger atyň iki öň aýagy hem ýokary galan görnüşinde şekillendirilen bolsa, onda bu onuň üstündäki adamyň söweşde wepat bolandygyny aňladýar. Eger atyň bir aýagy galdyrylan bolsa, onda ol adam söweşde alan agyr ýarasyndan ölendigini, eger atyň dört aýagy hem ýerde bolsa, onda ol adamyň öz ajalyna aradan çykandygyny aňladýar.

3)Şarikli ruçkalar ilkinji gezek 1945-nji ýylda satuwa çykdy. Şonda onuň
12 dollar bahasy bardy.

4)Puşkinde 70 epigraf bar. Gogol we Turgenýew 20 epigraf ulanypdyr.

5)Taýlandyň paýtagty Bangkokda her aýda piller bilen baglanyşykly ýol-transport hadysalarynyň ýigrimä golaýy bolýar. Bu äpet haýwanlaryň 1600-si her gün Bangkokuň köçelerine çykýar.

6)Soňky 500 ýylyň dowamynda Ýeriň agramy kosmiki serişdeleriň hasabyna bir milliard tonna artdy.

7)Gyzgyn suwuň sowuk suwa garanyňda agramy agyrdyr.

8)Eger 111 111 111 sany edil özüne köpeltseň, onda şunuň ýaly täsin sanlar emele gelýär: 12 345 678 987 654 321 (sanlar tertip boýunça ilki ulalýar,
soňra kiçelýär).

9)Kosmosa uçan ýeke-täk är-aýal— amerikan astronawtlary Jen Dewis we Mark Li dagy boldy. Olar 1992-nji ýylyň 12-20-nji sentýabrynda kosmosda bolan «Endewer» kosmiki gäminiň ekipažynyň hataryna girdiler.

10)Kelpezäniň dili onuň özünden iki esse uzyndyr.

11)Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň her ikinjisi 40 ýaşyna
çenli millioner bolaryn diýip çaklaýar.

Täzelikler, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir