1)Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar.
2)Bir milliard sekunt — ol.takmynan,37 ýyla barabardyr.
3)Robinzon Kruzo adam aýagy sekmedik adada 24 ýyl ýaşapdyr.
4)Bary-ýogy 1 gram altyndan uzynlygy 3,5 kilometr bolan sim almak
mümkin.
5)Watikan döwletinde futbol boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlara «Telepoçta», «Gwardiýaçylar», «Bank», «Kitaphana», «Muzeýler ýygyndysy» ýaly komandalar gatnaşýarlar.
6)Ilkinji gezek Oskar baýragy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda gowşuryldy.
7)Leonardo da Winçi «Mona Lizanyň» dodagyny çekmek üçin 12 ýyllap iş edinipdir.
8)Amerikan statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, mobil telefonynda erkekler aýallara garanyňda köp gepleşýärler. Amerikaly erkek kişiler bir aýda ortaça 438 minut, amerikan zenany bolsa 377 minut mobil telefonynda gepleşýär. Ýöne adaty, simli, öý telefonynda aýallar erkeklere görä göni iki esse köp gepleşýärler.

Täzelikler, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir