Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ýaňy serdaryň "tehnolgiýanyň haýran galdyryjy täsinlikleri" atly mowzugyny okap, meniň hem azyrak üýtgeşiklikdäki başga bir mowzugy açma pikiri geldi boşaňrak kelläme :) Men Türkmenistandakam we Türkiýedekäm kän bir mümkinçiligim ýokdy özüme gerekli zatlary almaga, aslynda, mätäç däl diýseňem boljak welin, ýene-de alasym gelip duran zatlardy-da. Meselem, kompýuter, oňatja (fotoapparat, wideo, mp3 we ş.m.) telefon, walkman, fotoapparat we ş.m. zatlar. Köwüş, köýnek, jalbar, kurtka we ş.m. zatlary-ha alýan haryt däldim men, entägem şeýle-laý :) Ýöne UK-a geldim welin, bärdäki çagalaryňam ýokarda sanan gymmatbaha tehnologiýa harytlarynyň barlygyny görüp, gulagym galdy :) Türkmenistandaky çagajyklaryň aglabasynda bolmadyk zat, bularyň aglabasynda bar. Elbetde, mümkinçilik tapawudy sebäplidir!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir