Erkekleriň temperamenti olaryň gan topary bilen gönüden-göni bagly bolup çykdy. Muny germaniýaly alymlar mälim etdiler. Gan toparynyň öz eýesine diňe özüne mahsus bolan häsiýetler toplumyny berýändigi anyklandy. Bu barada ivanovo.sminews.ru habar berdi.

Ozal temperamentiň güýjüni adamyň dabanynyň ululygy, burnunyň görnüşi we tüýlekligi-dälligi bilen baglanyşdyrmaga synanyşýardylar. Görlüp oturylsa, hemme zat has ýönekeý bolup çykdy. Biziň her birimize doglanymyzdan bäri belli temperament mahsusdyr we ony adamyň gan topary kesgitleýär.
2017-nji ýylda Germaniýaly ylmy barlagçylar topary 3000-den gowrak erkek adam bilen pikir soraşma geçirdiler. Alnan netijelere görä, I gan toparynyň wekilleri iň gowy aşyklar bolup çykdy. II toparynyň wekillerine ygtybarlylyk we wepalylyk, III - duýgurlyk we IV - aşa konserwatiwlik mahsus.

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir