“Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynyň 21-nji tapgyrynda “West Hem” (3-1) bilen bolan oýunda iki gol geçirip dubl etdi we “mersisaýd” klubunyň taryhyna girdi. Bu barada matchtv.ru habar berdi.
Müsürli hüjümçi dowam edýän möwsümdäki ähli ýaryşlarda "Liwerpul"-yň düzüminde eýýäm 21 pökgi geçirmegi başardy. Ol toparyň 1984/85-nji möwsümden bäri yzly-yzyna dört möwsümde 20 ýa-da ondan hem köp pökgi geçiren ilkinji oýunçysy boldy. Salah meşhur hüjümçi Ýan Raşyň üstünligini gaýtalady, ýöne uelsli oýunçy bu üstünligi dowam etdirip, rekordlaryny ýene iki möwsüm uzaldypdy (1981/82-den 1986/87 çenli).
28 ýaşly Mohamed Salah dowam edýän möwsümde “Liwerpul”-yň düzüminde 20 oýunda 15 pökgi geçirmegi başardy.

çeşme: tmcars.info

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir