Sen diňe synla...
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänimi, göwnümiňem synyşyn,
Ody öçürilmän galan çäýnek deý
Gaýnap-gaýnap, bar hasratyň dymyşyn...

Sen diňe synla...
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy...

Sen diňe synla...
Ýoly syryp barýan täsin ýalňyzy
Hem bu ýyllaň gazap bilen garradyp,
Güller ýaly soldurşyny ter gyzy...

Sen diňe synla...
Saňa ýat adamy, perişan haly...
Urunsa-da yraň-dyraň ugrugyp,
Sen diňe synla
Meň sensizem ýaşaýanmy, gülýänmi...


Ogulnur Ataýewa

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir