ITALIÝADA DIÑE AÝAL BOLMAK...

25-nji noýabr - "Zenanlara garşy zuluma garşy göreşmegiñ" Halkara güni. Bu gün Italiýada köpçülikleýin çäreleriñ birnäçesi geçirilýär. Men bolsa Toskana oblastynyñ 25 müñ ilatly Kartona şäherçesinde geçirilen "Diñe aýal bolmak" atly çäräniñ baýrak gowşuryş dabarasyna çagyrlypdym.
Gitdim we birnäçe ýyllap Italiýada ýaşap ýörenem bolsam, ilkinji gezek diñe aýallaryñ häkimlik edýän raýonynyñ barlygyna şaýat boldum.
Kartona munisipialetiniñ başlygy aýal - Françeska Basanýeri. Kartonanyñ adminstratiw taýdan garaşly Arezzo şäher munisipialetiniñ başlygy-da aýal - Silwiýa Çýassaý.
Ýerli häkimiýet doly aýallaryñ elinde. Elbetde, bu ýerdäki aýallar diñe ýolbaşçy wezipeleri eýelemek bilen oñaýmandyrlar. Olaryñ guramaçylyk edýän çäreleri diýseñ ähmiýetli. Çagyrylan myhmanlaryñ arasynda meniñem bolmagym mende buýsanç duýgusyny döretdi.
Zulum... Adamyñ ýa-da adamlaryñ fiziki, jynsy, psihologiki ýa-da maddy taýdan başga birinden zelel görmegi... Gynansak-da, dünýäde haýbat atmalaryñ we diýdimzorlugyñ astynda ýaşap ýören hem-de diñe aýal bolandygy üçin azatlygy elinden alnan millionlarça aýal-gyzlar bar. Ynha, şular ýaly dünýäde häkimiýetiñ diñe gujur-gaýratly aýallaryñ elindeligini görmek, gör, nähili buýsandyryjy!

■ Filomenanyñ dünýäsi

Çärede baýraga mynasyp bolanlardam Filomena Lambertiniñ durmuşy 2012-nji ýylda bütinleý üýtgäpdir. Ol halaşýan erkegi bilen gatnaşygyny kesmekçi bolanda durmuşyna awy gatylýar. Gije ýarymdan soñ gäbi azan erkek onuñ ýüzüne aseton döküpdir. Filomena saý-sebäp bilen diri galanam bolsa, ýüzünde çuññur ýara yzlaryñ awusyny ömürlik ýüreginde göterip ýör...
Gaýratly zenan Filomena kysmatyna kaýyllyk görkezmegiñ deregine, bu eden-etdilige garşy aýaga galmagy makul bilýär. Mekdeplere gidýär, seminarlara gatnaşýar. Jemgyýetiñ zulumdan daşlaşmagy, aýal-erkek gatnaşygynyñ nähili ýagdaýda bolmalydygy barada täsirli çykyşlary edipdir. Filomena gözlerine ýaş aýlap: "Edýän işimde neneñsi üstünlik gazanýan, ony anyk bilmesesem, elimden geleni etmäge çalyşýaryn" diýýär

■ Nataşanyñ uruş hasraty

Şol gije serbiýaly Nataşa Kandiç hem sylaga mynasyp bolanlaryñ biridi. Birmahal ýurdunda turan graždanlyk urşunda kän-kän hasratly wakalara şaýat bolan Nataşa häli-häzirlerem urşuñ awusyny ýüreginden çykaryp bilenok.
Kandiç hususanam aýallar bilen çagalaryñ uruşdan has köp zyýan çekýändigine ünsi çekýär, uruşda gören horluklaryny gürrüñ berýär. Görgi ýamanyny gören zenan bugünki gün aýal-gyzlaryñ we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryñ hak-hukuklaryny goramak ugrunda işjeñ göreşýär.

■ Ýolbaşçylaryñ çagyryşy

Çärede Azerro munisipialetiniñ başlygy Silwiýa Çýassaý we Kortona munisipialetiniñ başlygy Françeska Basanýeri bilenem duşuşyk geçirdim. Olary edýän bu asylly işleri bilen tüýs ýüregimden gutladym. Bu iki zenanyñ aýdýan pikirleri şeýle: "Ençeme ýyllap erkekleriñ höküm sürýän edara ediş sistemasynda jogapkärli wezipä saýlanmak we ynanylan wezipede abraý bilen işlemek añsat däl. Biziñ iñ esasy üns berýän zadymyz adam hukuklaryny goramak. Aýal, erkek, çaga - tapawudy näme?! Kim bolanda-da zulumy näletleýäris we ähli güýjümiz bilen eden-etdilige garşy göreşýäris".
Täsirlendim. Täsirlenmez ýalymy näme?!
Çünki çäreden gaýdansoñ dünýä bolan garaýşym düýbünden başgaçady... Herniçik bolanda-da, zuluma garşy çykmak gerek. Mähir bilen gelejege tarap gadam basalyñ... Hem ýurdumuzda, hem bütin dünýäde!

Dündar KEŞAPLY.

http://kitapcy.com/news/2019-11-25-9365

Sorag-jogap, wagt tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir