GADYMY DÜNÝÄNIÑ IÑ GÜÝÇLI ON ZENANY

Iññän gadymy eýýamlarda aýal-gyzlar jemgyýet tarapyndan köplenç kemsidilmä uçraýardylar. Olaryñ ady "şeýtan", "azgyn", "dinsiz", 'jelep", "güýçsüz" ýaly agyr kemsitme sözler bilen bir tutulýardy. Aýal-gyzlara gönükdirilen bu giñden ýaýran garaýyşlara garşy käbir aýallar bolsa, belki-de, şol döwrüñ şertlerinde özlerine biçilen rollara we kesgitlenen ykbala garşy göreşip, antik dünýäniñ akyl-paýhas we hukuk depelerine dyrmaşmagy başarypdylar.
Ynha, antiki dünýäniñ ähli oñaýsyzlyklaryma garamazdan, ýaşap geçen döwürlerinden tä biziñ günlerimize çenli ýatlanyp gelinýän on güýçli aýalyñ ady:

▶ Sapfo

Liriki poeziýanyñ iñ görnükli şahyrlarynyñ arasynda aýratyn ýer tutýan Sapfo Gresiýanyñ häzirki Lesbos adasynyñ Mitilini şäherinde dünýä inipdir. B.e.öñki 610-580-nji ýyllarda ýaşap geçendigi çak edilýän Sapfonyñ ömri hakynda anyk maglumatlar ýok. Emma dürli çeşmelerden we döwürdeşlerinden biziñ günlerimize gelip ýeten maglumatlarda onuñ kelte boýly bugdaýreñk zenan bolandygy aýdylýar. Sapfo Andros adasunda Kerkolas atly baý söwdagäre durmuşa çykypdyr we ondan Kleýs atly biri gyzy dünýä inipdir. Sapfo barada bilýän ýene bir maglumatymyz bolsa, onuñ Lesbosda gyzlar mekdebiniñ direktory bolandygy we onuñ bu mekdepde söýginiñ hudaýy Afroditanyñ taglymatyny we ýörelgelerini boý ýeten gyzlara öwredenligidir.
Goşgularynda hemişe özara gatnaşyklary beýan edýän Sapfonyñ öz gezeginde okadýan okuwçylaryndanam täsirlenendigi, olar üçin toý aýdymlaryny, şeýle-de özüni ýatdan çykaranlary ýepbekleýän goşgular ýazandygy mälimdir.
Şol sanda Sapfonyñ Lesbosda açan mekdebinde gyz okuwçylar bilen özara romantiki we fiziki gatnaşyklary saklandygy, onuñ ile-güne sygmaýan geñ-tañsy gylyklarynyñ bolandygy aýdylýar. Ömürboýy Afroditanyñ taglymatyny durmuşyna we goşgularyna siñdiren duýguçyl şahyra zenanyñ öz okuwçylaryna beslän mähir-muhabbetiniñ azgynlyk hökmünde ýatlanmagy nähili gynandyryjy fakt.
Ömri deýin ölümi-de syrlar bilen örtülen Sapfonyñ Faon atly bir deñizçä aşyk bolandygy we bildiren söýgüsine mynasyp jogap almandygy üçinem özüni Leukadiýa gaýalyklaryndan deñize oklandygy rowaýat edilýär. Ýöne ne-hä onuñ okuwçylary bilen ýakyn gatnaşyk saklanlygy, ne-de Faona bolan söýgüsi bilen baglanyşykly Afinyfa "orta komediýa" döwründe ýazylan pýesalarda kelam agyz söz geçenok.

▶ Gipatiýa

370-415-nji ýyllarda ýaşap geçen Gipatiýany eserleri biziñ günlerimize çenli gelip ýeten iñ gadymy zenan matematikaçy we alym hökmünde tanaýarys. Ony Aleksandriýa uniwersitetinde matematikadan okadan hut öz kakasy Teon okadypdyr. Kakasynyñ saýasynda ylymyñ, sungatyñ we filosofiýanyñ iñ baý çeşmelerinden peýdalanyp kemala gelen Gipatiýa Rime, Afinä eden syýahatlarynda neo-eflatunçylyk akymyndan täsirlendi we dogduk şäherine dolanyp gelende eýýäm Aleksandriýa uniwersitetinde matematikadan, filosofiýadan okatmaga başlady.
Gynansak-da, ömri Aleksandriýanyñ gowgaly döwürlerine gabat gelen Gipatiýa şäheriñ baş ýepiskopy Timofeý bilen ýepiskop Kirilliñ arasynda tutaşan dawanyñ baş sebäpkärine öwrüldi.
Fanatik ruhanylar Gipatiýany dinden çykan, jadygöý we hiç hili geregi ýok taglymatlar bilen dolup-daşan aýal hökmünde baha berip, halky ony öldürmäge küşgürdiler. Netijede Gipatiýany saçyndan süýräp buthana getirdiler, çuw ýalañaç edip tenini böleklere böldüler, köçelerde jeset böleklerini aýlap, yzyndanam ýakdylar.

▶ Kleopatra

Gadymy Müsüriñ iñ soñky ellinistik we iñ meşhur melikesi bolan Kleopatra Müsürde höküm süren gresiýaly Ptolomeýleriñ on dördünjisidir.
Taryhda Kleopatra VII diýip tanalan melike kakasy Ptolomeý XI b.e.öñki 51-nji ýylda aradan çykansoñ tagta çykan on ýaşly dogany Ptolomeý XII bilen nikalaşyp tagta çykýar.
Şol bir wagtyñ özünde Aleksandriýa gelen Ýuliý Sezaryñam göwnünden turýar. Sezardan bir çagasy dünýä inen Kleopatra Rime gidýär.
B.e.öñki 44-nji ýylda Ýuliý Sezar dildüwşügiñ pidasy bolup ölenden soñ Müsüre dolanýar. Eger Sezar ölmedik bolanlygynda, Kleopatra Aleksandr Makedonskiniñem ýetibilmedik arzuwy bolan iki güýçli imperiýany birikdirip bütin jahana hökümdarlyk etmegiñ arzuwyndady. Şol wagt Müsürde tagta çykan Ptolomeý XIII hem öldürilip, onuñ ýerine Kleopatra gelipdi.
B.e.öñki 41-nji ýylda Rim imperatory Mark Antoniý melikä däli-diwanalar kimin aşyk boldy. Kleopatranyñ Mark Antonifen iki gyzy dünýä indi. Olar uzak wagtlap Tarsusda döwran sürüpdirler.
Otuz dokuz ýaşynda aradan çykan Kleopatranyñ ölümi hakynda köpsanly rowaýatlar bardygyna garamazdan, iñ meşhur ölüm hekaýaty onuñ özüni ýylana sokduryp ölenligidir. Taryhçylaryñ käbiri bolsa onuñ awy içip ölendigini öñe sürýär.

▶ Zenobiýa

Zenobiýa 240-274-nji ýyllarda Palmira şäherinde ýaşap geçipdir. Ol häzirki Siriýanyñ, Palestinanyñ, Liwanyñ, Müsüriñ we Alynky Aziýanyñ bir bölegini öz içine alan Palmira imperiýasynda hökümdarlyk eden Septimiý Odenata ikinji aýaly bolup barypdyr. Emma adamsy Odenat 267-nji ýylda dildüwşük gurnalyp öldürlensoñ, Zenobiýa häkimiýeti ele alýar. Arap ariatokratiýasynyñ arasynda ýetişen Zenobiýa güýçli, akylly we görmegeý zenan hökmünde tanalypdyr.
Tagta çykan badyna Palmira döwletiniñ çäklerini giñeltmäge başlan Zenobiýa 269-njy ýylda Müsüre girip özüni "Müsüriñ melikesi" diýip yglan edýär. Ondan soñky ýyllarda Alynky Aziýanyñ Ankara we Kalderon sebitlerine çenli gelip, döwletiniñ düzümine goşýar. Siriýany, Palestinany we Liwany doly eýeleýär.
274-nji ýyla çenli hökümdarlyk süren Zenobiýa ahyrynda rimli basybalyjylaryñ eline düşýär we altyn zynjyrlara baglanyp Rime äkidilýär.
Suhangöýlügi we owadanlygy bilen hemmeleri özüne maýyl eden Zenobiýa Rim imperatorynyñ özüne teklip eden oñaýly şertlerde bir rimli senatora durmuşa çykypdyr we bir filosof, hormatlanylýan melike hökmünde ýaşapdyr.

▶ Pentesileýa

Pentesileýa grek mifologiýasynda Aresiñ we Orteranyñ gyzy, Ippolita, Antiopa, Melanippa dagylaryñ dogany, şeýle-de amazonkalylaryñ melikesi hökmünde çykyş edýär. Pentesileýa öz uýasy Ippolitany aw edip ýörkä seresapsyzlyk bilen öldürendigi zerarly gaýgy-hasrat çekipdir we ölmek isläpdir. Edil şol wagtam Troýa urşy başlanypdyr. Ol urşa meýletinçileriñ hatarynda gatnaşmak isläpdir. Pentesileýa uýasyny öldürendigi sebäpli gahar-kineli gezip ýören hudaýlary köşeşdirmek hem-de amazonkalylaryñ nähili güýçli zenanlardygyny görkezmek üçin Troýa urşuny amatly mümkinçilik hasaplapdyr. Ol troýalylaryñ meşhur pälwany Ahillesi öldürjegine kasam içipdir we on iki urşujysy bilen bile urşa gatnaşypdyr.
Pentesileýa bilen garşyma-garşy gelen Ahillesiñ arasynda aldym-berdimli garpyşyk bolup geçipdir. Garpyşygyñ dowam edip duran pursaty Ahilles ýeñiler öýdüp onuñ bir egindeşi ara girýär we Pentesileýanyñ ünsüni sowýar. Ahillesiñ atan naýzasy Pentesileýanyñ kükreginden girýär we ol şol ýerde jan berýär.
Ahilles özi bilen garpyşyga giren urşujynyñ ýüzüni görmek üçin onuñ başgabyny çykaranynda, Pentesileýanyñ ölüsine aşyk bolandygy rowaýat edilýär.

▶ Hatşepsut

Hatşepsut Gadymy Müsür siwilizasiýasynyñ XVIII nesilşalygy döwründe höküm süren taryhyñ ilkinji zenan faraonydyr. Biz oña "zenan faraon" diýsegem diýýäris welin, Hatşepsut Gadymy Müsürde faraonlar hemişe erkekleriñ arasyndan saýlanyp seçilýärkä, ol zenanlara mahsus ähli duýgularyndan we fiziki isleglerinden ýüz öwrüp, erkek kimin hereket etmegi makul bilipdir. Onuñ adamsy Tutmos II ýaş ölensoñ, kanun boýunça tagta heniz kämillik ýaşyna ýetmedik Tutmos III geçmeli eken. Ýöne Tutmos III-iñ ýaşy ýurt dolandyrmak üçin ýeterlik bolmansoñ tagta Hatşepsut geçmeli bolupdyr. Tagtyñ wagtlaýyn naýyby bolan Hatşepsut güýçli erk-ygtyýarly aýal bolmak bilen birlikde ylalaşykly we oýlanyşykly syýasat ýöredip tutuş ýigrimi bäş ýyllap Müsüri bir özi dolandyrypdyr.
Şol döwürde "aýal faraonyñ" tagtda oturmagyny islemedik we Hatşepsuty ýigrenen, ony tagtdan agdarmaga synanşan birnäçe güýçlere garşy göreşen Hatşepsutyñ häkimiýeti b.e.öñki 1445-nji ýylda Tutmos III-iñ tagta geçmegi bilen soñlanypdyr.
Hökümdarlyk süren döwründe şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty eserlerini, ýadygärlikleri miras galdyran Hatşepsut öz heýkelleridir suratlaryny hemişe sakgally we faraon eşiginde suratlandyrdypdyr.

▶ Aspasiýa

B.e.öñki 460-401-nji ýyllarda Miletde ýaşan Aspasiýa Aksiohyñ gyzydyr. Çagalygyndan başlap gowy bilim alan Aspasiýa filosofiýa bilen içgin gyzyklanypdyr. Ýigrimi ýaşanda filosofiýanyñ parlak merkezi bolan Afiny şäherine gelipdir. Ýöne Afinyda filosofiýa erkeklere mahsus bilim hasaplanyp, aýal-gyzlar mümkin boldugyça bu ylymdan uzak tutulypdyr. Gadymy Afinyda aýal-gyzlar gul, jelep we öý bikeleri hökmünde görlüpdir. Ýagdaý şeýle bolansoñ, Aspasiýanyñ Afinydaky öýi filisofiýa, sungat we beýleki ylymlar bilen gyzyklanýan beýleki zenanlaryñ üýşýän ýerine öwrülipdir. Bu öý gadymy afinyly zenanlar bilen birlikde birnäçe erkek senetkäriñ we filosofyñam çykan ýeri bolupdyr. Mysal üçin Sokrat, Sofokl, Anaksagor ýaly öz döwrüniñ öñdebaryjy adamlarynyñ iñ kän gelýän ýeri Aspasiýanyñ öýi eken. Käbir taryhçylar Eflatunyñ ondan çakdanaşa täsirlenendigini we onuñ "Simpozium" eserindäki Mantineýaly Diotimanyñ prototipiniñ Aspasiýadygyny aýdýarlar.
Aspasiýanyñ öýünde aýallardyr erkekleriñ üýşüp filosofiýadan ylmy jedelleri guramagy we şerap içilip şady-horramlyk edilmegi (simpozium däbi) onuñ taryhda jelephana ýöreden afinaly jelep hökmünde ýatlanylmagyna sebäp bolupdyr. Hatda häzirem onuñ ady bir jelep hökmünde agzalýar.
Afiny syýasatynda iñ sözi geçginli adamlaryñ biri Perikliñ ikinji aýaly bolan Aspasiýa adamsynyñ syýasatynda täsirli orny bolupdyr. Aspasiýanyñ ritoriki taýdan we filosofiýadan ylmy güýçli bolupdyr. Ksenofon “Sokratdan ýatlamalar" eserinde Aspasiýanyñ adyny hormat bilen tutýar. Eflatun, Eshin, Fidiý ýaly döwrüniñ iñ öñdebaryjy akyldarlary Aspasiýany hormat bilen ýatlaýarka, näme üçindor biz ony diñe taryhda jelephana ýöreden azgyn aýal hökmünde ýatlaýarkak?..

▶ Nefertita

Nefertita b.e.öñki 1370-1330-njy ýyllarda ýaşap geçipdir. Ol Gadymy Müsüriñ faraony Amonhotel IV-niñ aýaly we özünden soñky gelen Tutanhamonyñ gaýynenesidir. Nefertitanyñ ady "Gözelden dörän" manysyny berýär. Gadymy Müsürde saldamly syýasy orny bolan Nefertita faraon adamsy bilen deñ derejede hormatlanypdyr. Belkäm şonuñ üçindir onuñ faraonyñ güýje girizmegi hökmany bolan täze kanunlary we üýtgeşmeleri girizmäge hukugy bolupdyr.
Wagtyñ geçmegi bilen Nefertita faraon bilen bile ýurduñ müñlerçe ýyl dowam edip gelýän köphudaýlylyk ynanjyna üýtgeşme girizip "Aton dinini" ýaýmaga synanşypdyr. Ýöne birnäçe hudaýa ynanmaguñ deregine diñe ýeke-täk Gün hudaýyna ynanmak pikiri şol döwür köne ynanjyñ ruhanylarynyñ ýiti garşylygyna uçrapdyr. Ruhanylar är-aýalyñ eden bu işiniñ azgynlygyny we olaryñ nälete uçrajakdygyny aýtmakdan çekinmändirler.
Nefertitanyñ ölümi baradaky çeşmeler onuñ wagyz etmäge synanşan täze dini ynanjy sebäpli hudaýlaryñ gargyşyna uçrandygyny we oña tagta geçjek erkek perzent bermändigini ýazýarlar. Aýdyşlaryna görä Nefertita ömrüniñ soñky ýyllaryny gaýgy-gam içinde geçiripdir. Faraon ýokanç kesel bilen keselläp aradan çykansoñ, biraz wagt tagtda oturanam bolsa, adamsynyñ yzysüre Nefertita hem ölüpdir.

▶ Feano Krotonskaýa

B.e.öñki 550-nji ýyllarda ýaşap geçen iýoniýaly Feano Pifagoryñ ilkinji şägirdi bolmak bilen birlikde onuñ aýalydyr. Ol hem edil adamsy Pifagor ýaly matematika, tebigat we filosofiýa ylymlary, sungat, aýdym-saz bilen içgin gyzyklanypdyr. Feano taryhyñ ilkinji pifagorçysy hökmünde tanalýan aýal filosofdyr. Reankarnasiýanyñ tarapdary bolan Feano adamyñ ölenden soñ ruhunyñ täzeden dogjakdygyna ynanypdyr. Şonuñ üçinem onuñ pikirine görä adam gaýratly kişi bolmaga çalyşmaly, mynasyp durmuşda ýaşajak bolmaly. Pifagor ölenden soñ adamsynyñ mekdebinde okatmaya başlan Feano gyzlara tutanýerlili, erjel bolmagyñ ýollaryny öwredipdir.
Feaonyñ beýleki pelsepewi garaýyşlary-da Pifaogoryñ garaýyşlary bilen meñzeşdir: Älemde diñe madda ýok, şahsyýet üçin hemişe ruh birinji ýerde bolmaly. Älem sanlardan emele gelipdir, sanlar älemi döredipdir. Şonuñ üçin ähli ylymlaryñ iñ saýlantgysy matematika we sazdyr. Sebäbi hut şu iki ylym hem sanlardan emele gelipdir. Matematika bolmasa älemi soñsuz kaos eýelär. Sanlar äleme serenjam beren elementlerdir.

▶ Boudikka

B.e.öñki 60-njy ýyllarda ýaşap geçen Boudikka Demirgazyk Britaniýanyñ Norfolk welaýatyna göçüp gadymy keltleriñ iseni taýpasynyñ melikesidir. Boudikkanyñ adamsy Prasutag ölende, öz patyşalygyny Rime galdyrmak ýerine, maşgalasyna, ýagny Bouddika we çagalaryna miras galdyrypdyr. Rimiñ şol wagtky kanunlaryna görä aýallar häkimiýetde ýa döwletde mirasdüşer bolup bilmeýärdi. Şonuñ üçin rimli Katus Dakýanus Boudikkanyñ elinden ähli mülküni alyp, patyşalygy Rim imperiýasyna birikdiripdir. Dakýanus munuñ bilenem çäklenmän Boudikkany we onuñ çagalaryny zalymlarça gynady, zorluk-süteme sezewar etdi.
Boudikka b.e.öñki 61-nji ýylda Rim dikmesiniñ ýörişe çykan wagtyny peýläp goşun toplaýar we Kolçester, London, Sent-Olbans şäherlerini talaýar. Bu üç şäherde 70-80 müñ töweregi adam wepat boldy. Şeýle rimli basybalyjylaryñ agyr ýaraglar bilen ykjam ýaraglanan legioner goşunynyñ artykmaçlyk edýän güýji britonlaryñ ýeñilmegine getirdi. Boudikka ýesir düşmejek bolup, öz-özüni zäherläp öldüripdir.
Ýaşap geçen döwründen bäri ençeme asyr geçendigine garamazdan Boudikkanyñ garadangaýtmaz we söweşjeñ ruhy keltleriñ taryhynda özüne mynasyp ýerini alypdyr.

http://kitapcy.com/news/2020-06-19-9995

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir