Tekiz ýer teoriýasy bloggerleriň oýlap tapan zadymy?

Salam dostlar. @Dowsypat00 atly agza ,,Internetda" atly blogynda Youtube platformasyndaky käbir blogerleriň biznes üçin ,,Tekiz ýer" teoriýasyny oýlap tapanyny we olaryň adamlary ynamyndan peýdalanyp aldaw edýändiklerini beýan etmäge çalyşypdyr. Onuň blogy dogry zady aýdýarmy? Elbetde ýok. Youtube ol ýerde dursun hat-da Internet tory döredilmänkä Tekiz ýer teoriýasy bardy. 1885-nji ýyllarda Samuel Birli Rowbotam ,,Ýer togalak däl", Aleksandr Gleason ,,Injil asmandan indimi? Ýer çyndanam togalakmy?" William Karpenter ,,Ýeriň togoalak bolmajagynyň 100 subudy" ýaly kitaplar ýazyldy. Aleksanr Gleason tekiz ýer kartasyny döretdi we bu karta Britaniýa ylymlar akademiýasy tarapyndan ,,dünýäniň iň takyk kartasy" diýlip ykrar edildi. Sebäbi bu karta pasyllar çalyşmasyny, sagat guşaklyklaryny we başgada birnäçe meseleleri çözmäge kömek edýär.
BMG niň baýdagynda Gleasonyň kartasy ýaly tekiz ýer kartasy bar. Bu barada bir oýlap görüň!
Garaz @Dowsypat00 agzamyz hiç hili subutnamasyz ,,Tekiz Ýer" teoriýasyny blogerler tarapyndan oýlanyp tapylan aldawdygyny aýdýar. Aslynda beýle däldigini men size subut etdim.
Ol bu blogyndan ozal ýeriň emeli hemralary hakynda hem bir blog açypdy. Ýeriň emeli hemralary ýeriň grawitasiýasy sebäpli hereket edýänini ýazypdyr. Emma onuň nähili işleýändigini düşündirmändir. Mundan başgada ol ýer togalak diýipdir. Emma onuň özi ýeriň togalakdygyny hiç wagt test etmedi. Ondan ýeriň togalakdygynyň subutnamasyny sorasam ol kitabyna uýjagy we kitabyndan göçürjegi anyk. Emma menden ýeriň tekizdigini sorasaňyz men öz testlerimi beýan edýän.
Ýöne hawwa men ýutubdan peýdalanýan. Ýöne ýutubdaky tekiz ýer wideolary göz görtele kabul edemok, özümem barlag geçirýän.

Kitap okanyňyz bilen bilimli ýa ylymly bolaňyzok, şol kitaby test edip dogry ýa ýalňyşdygyny bilseňiz ana şonda bilimli we ylymly bolýaňyz!

Bilim, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir