Elon Mask 185 milliard dollardan gowrak baýlygy bilen "Dünýäniň iň baý adamy" diýen hormatly ada eýe boldy.
"CNBC"-iň hasabatyna görä, "Tesla" şereketiniň paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagyndan soň, kompaniýanyň baş direktory Elon Mask 185 milliard dollardan gowrak baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyndan ýer almagy başardy.
Şeýlelik bilen Mask, bu ady 2017-nji ýyldan bäri "Dünýäniň iň baý adamy" diýen hormatly ada eýe bolup gelýän "Amazon" şereketini esaslandyryjy Jef Bezosdan aldy. Bezos 184 milliard dollar baýlygy bilen baýlaryň sanawynda ikinji ýerde durýar.
Mask baýlygynyň şeýle ýokary derejede artmagy bilen baýlaryň sanawynda "Girdejisi iň çalt artan ynsan" hökmünde taryha girdi. Bu dereje meşhur telekeçiniň soňky 18 aýda eden şahsy tagallalarynyň netijesini görkezdi.
2020-nji ýyla 27 milliard dollar baýlygy bilen başlan we dünýäniň iň baý 50 adamynyň hataryna giren Mask, "Tesla" şereketiniň paýnamalarynyň 9 esse ýokarlanmagy bilen baýlygyna 150 milliard dollardan gowrak pul goşdy. Bu kompaniýanyň bazar bahasy 737,6 milliard dollara çenli ýokarlandy.

10:59, 08.01.2021 Turkmenportal.

Bi amerikanyň görkezijisi ýaman däl. Men arada "Zaman" gazetiniň 2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda çykan sanynda muňa degişli şu habary okapdym.

"BÄŞLIGE GIRDI"

Amerikan kompaniýasy «Tesla»-nyň başlygy Ilon Mask dünýäde bäşinji baý adam boldy. Bu barada «Forbes» žurnaly ýazýar. Işewüriň häzirki baýlygy 74,2 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Ol dünýädäki iň baý adamlaryň sanawynda 72 milliard dollarly «Microsoft»-yň öňki başlygy Stiw Balmerden we işewür Worren Baffetden
öňe geçdi. Indi Mask «Facebook» sosial ulgamy
döreden Mark Sukerbergden (90,3 milliard dollar), «Microsoft»-yň esaslandyryjysy Bill Geýtsden (113,4 milliard dollar), LVMH (Luis
Vuitton Moet Hennessy) kompaniýalar toparynyň
baş direktory Bernar Arnodan (113,8 milliard dollar) we «Amazon»-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan (189 milliard dollar) soň gelýär.

Täzelikler, Ýolagçy. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir