Yurekden sygynyp perwerdigäre
Gelin musulmanlar dileg edelin
Ol kalba shypadyr,dertlere chäre
Allaha sygynyp dileg edelin

Yurdumyz hemishe bolsun parahat
Halkym gezsin iki dunya rahat
Bagtly yashasyn her hir rayat
Elmydama yagshy dileg edelin

Kylsan dileg kopdur yagshydan yagshy
Bolsun kalbymyz hem gabrymyz yagty
Alla dileglermiz yetiryan wagty
Bir birege yagshy dileg edelin

Öñelem diyenmish bir goja dana
Mal diyip azar berme amanat jana
Jadygoylik gerekmikä ynsana
Ona derek yagshy dileg edelin

Dileg edin delil edip rähmeti
Egsilmeyär Rehimlinin rehmeti
Kalba salman waswasylygyn mähneti
Yagshy umytda yagshy dileg edelin

Manysy yokdur hic sozi uzaltman
Her dem yatlan Yaradany unutman
Hem bosh gaytmaz ona gol uzadan
Gol uzadyp yagshy dileg edelin
Gelin musulmanlar dileg edelin

Gercheknazar Amannazarow

Edebiýat, kalbynur... tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir