Edepli gyz duşuşyga giç gelýär,
Garaşdyryp sabryň soňuna çenli,
Eý, katdy-kamatyn küýseden bagtym,
Sen juda edepli bolmaga çemli.

Giç açylýar hoşboý ysly bägüller,
Kemsiz ganyp tylla günüň nurundan.
Bir gün beýhuş eder öýdüp ysyna,
Ynamyma beýhuş bolup ýörün men.

Dolan aý giç dogýar, giç dogýar çenden,
Gijäni ýagtyldyp gündiz ýaly ol.
Garaşaryn, bagtym, mümkin däle çen,
Ýöne ýarym-ýalta däl-de, doly gel.

Özgäniň bagtyýar aýdymyn aýdyp,
Garaşýan, men saňa garaşýan, bagtym.
Sen gelersiň, ýöne, ynan, gorkýaryn,
Gersiň öýdüp, bagta mätäç däl wagtym

Edebiýat, Serdar0207 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir