Android telefony ýa-da planşetlarda ekranyň gorag koduny döwmek ýa-da açmak, Android enjamlarynda ýalňyş girizilen kodlar iň uly meseleleriň içindedir. Şeýle bolýan bolsa, Android enjamlarynda goragy döwmek ýa-da goragy açmak işini nähili edip bileris? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin biziň makalamyzy üns berip okaň.

Android telefonlarynda we planşetlarda gorag kodunyň ýatdan çykarylmagy ýa-da birnäçe gezek ýalňyş girizilmeginiň netijesinde enjamyňyz sizden Gmail hasabyňyzy we koduňyzy sorar. Eger şol maglumatlar hem ýadyňyza düşmeýän bolsa, “Hard Reset” ýa-da “Screen Lock Bypass Pro” ädimlerini ýerine ýetirmeli bolarsyňyz.
Biziň şu makalamyzda Android enjamyňyzyň PIN gorag koduny, ekran gorag koduny we Gmail maglumatlaryny ýatdan çykaranlar üçin ädimme-ädim nämeleri ýerine ýetirmelidigini hem-de “Hard Reset”-iň edilişini yzgiderlilikde, size düşündireris...
Google Android sistemasynda maglumatlaryňyzy gorag astynda saklamak üçin ekranyň gorag sistamasyny, ýagny “ScreenLock” ulgamyny ulanyjylara hödürleýär. Elbetde kiçi ýaşly çagalaryň we ulanyjylaryň gorag koduny ýatdan çykarmagy ähtimal. Telefonuňyzyň gorag koduny ýa-da PIN koduňyzy açmak we döwmek üçin 2 sany usul bar.
1-nji USUL – Screen Lock Bypass:

Eger-de enjamyňyzyň gorag koduny ýatdan çykaran bolsaňyz we Android sistemasynyň Google Play Store birikdirilmegi ýa-da Gmail hasabyňyzyň maglumatlaryny bilýän bolsaňyz, ilkinji nobatda Google Play Store-dan 4.20$-dan satylýan tölegli “Screen Lock ByPass Pro” ulgamyndan peýdalanyp bilersiňiz. Programma islendik bir root-y islemän PIN koduny we gorag koduny ýatdan çykaranlara uly kömek edip biler.
Ädimleri şeýleräk etmeli:
Telefonuňyz energiýa toguna ýa-da USB kabeline birikdirilen bolsa aýyrmaly;
Dowamyndan kompýuteriňizden Google Play Store-a girmeli, (telefonuňyzdan girýän hasap koduňyz we e-mailiňiz bilen birigmeli bolarsyňyz);
Kompýuterimizden Google Play Store-a girenimizden soňra Screen Lock ByPass Pro programmasyny satyn almaly we enjamyňyza daşdan gurnamak usuluny ulanmak arkaly gurnamaly;
Programma gurnalandan soňra enjamyňyzy ýa-da planşediňizi energiýa toguna dakmaly we Bypass (Remove password) ulgamyny başlatmaly;
Ekranyň ýüzüne “Activate” düwmejigi peýda bolar we ony basyp koduň dolandyryşyny işjeňleşdiriň;
Ekranda çykan “Remove Lock Password” görnüşinden peýdalanmak arkaly gorag koduňyzy üýtgedip ýa-da ýok edip bilersiňiz;
Ýokardaky düşündiren usulymyz goraýyş koduny ýatdan çykaranlar we enjamynyň Google Play Store-a birikdirilen ýagdaýyndaky ulanyjylar üçin maslahat berilýär. “Screen Lock Bypass” programmasyny Google Play Store-yň hyzmata hödürleýän mugt görnüşindäkisini alyp, barlap görüp bilersiňiz.
2-nji USUL – Hard Reset

Android enjamyňyzyň gorag koduny ýa-da Gmail hasabyňyzyň maglumatlaryny ýatdan çykaran bolsaňyz şu görnüşden peýdalanyp bilersiňiz.
Üns beriň, DUÝDURYŞ: Hard reset usulyndan soňra telefonyňyzdaky ähli programmalar we maglumatlar ýok ediler!!!
5 gezekden gorag koduny ýalňyş girizseňiz, sizden Google-daky hasabyňyz barada maglumatlar soralar. Eger şol ýadyňyza düşmeýän bolsa “Hard Reset” ädimlerini yzgiderlikde düşündirmäge başlaýyn:
Android enjamyňyzy ýapyň;
Dowamyndan ses sitamasyny açmak we POWER (energiýany kesmek) düwmejigine şol bir wagtda 10 sekundyň dowamynda basyp saklaň.
Inni bolsa aşakdaky ädimleri yzgiderlilikde ýerine ýetiriň:
Sesini peseltmek düwmejigi bilen “Wipe data and Factory Reset” menýusyna baryň we POWER düwmejigi bilen saýlaň, dowamyndan Yes (maglumatlary ýok et, enjamy täze ýagdaýyna geçiri) basyň;
Yes = “Delete all user data”-ny saýlpa, ýene-de sesi pesletmek düwmejigi we POWER düwmejigi bilen tassyklaň;
Biraz wagt geçeninden soňra enjamyňyz edil täze satyn alan ýagdaýyňyzdaky ýaly bolar;
Reboot Your Mobile (Telefony täzeden işe göýber) saýlaň, enjamyň täzeden işe goýberilýänçe garaşyň.
“Hard Reset” usuly tamam bolandyr. "Hard Reset'' edilenden soňra siz ýene-de Google-da hasap döretmeli. Şonuň üçin hem ýatdan çykmaz ýaly e-mail we kod saýlap alyň.

Tehnologiýa, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir