Maýk Taýson — Roý Jons söweşiniň netijesi
Boks boýunça dünýäniň ozalky çempionlary Maýk Taýson bilen Roý Jonsuň arasyndaky söweş deňme-deň tamamlandy.

Söweş iki minutdan sekiz raund dowam etdi. Söweşi düzgünleşdiriji Kaliforniýa ştatynyň Atletika komissiýasynyň kararyna laýyklykda, söweşde nokautlar gadagan edildi. Şeýle-de, söweşiň netijeleri statistikada resmi hasaba alynmady.
Ilki boksçylara söweşi geçirmek üçin amatly şertler teklip edildi: şlem ulanmak, kesilme ýüze çykanda söweşi saklamak, nokautyň we gutarnykly kararyň bolmazlygy. Tutuş jemgyýet, şol sanda Taýson bilen Jonsuň özleri hem şeýle düzgüne garşy çykdy. Netijede söweşiň iki minutdan sekiz raund dowam etjekdigi habar berildi. Garşydaşlarda şlem bolmady, ýöne olar sparring üçin niýetlenilen 12 unsiýa agramdaky ellikli söweşdiler.
Ilkibaşda Jons bilen Taýsonyň arasyndaky söweş sentýabr aýynda geçirilmelidi. Ýöne pay-per-view-iň satuwyndan has köp girdeji gazanmak üçin söweş yza süýşürildi.
Aprel aýynyň ahyrynda Taýson haýyr-sahawat turnirleri üçin professional ringe dolanmak isleýändigini habar berdi. Amerikaly boksçy 2005-nji ýyldan bäri söweşenokdy. Jons orta, ýarym agyr we agyr agram titullaryny eýeledi. Ol karýerasyny 2018-nji ýylyň fewral aýynda tamamlady.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir