Maýk Taýson – Roý Jons söweşini Ren TW teleýaýlymy görkezer
REN TW teleýaýlymy professional boksuň ägirtleri bolan ýokary agyr agramda boks boýunça dünýäniň ozalky absolýut çempiony Maýk Taýson bilen bäş agram derejesinde dünýäniň eks-çempiony Roý Jonsuň söweşini göni ýaýlymda görkezer. Bu barada amp.championat.com habar berýär.

Taýson – Jons söweşi 28-nji noýabrda Kaliforniýa ştatynda geçer. Aşgabadyň wagty boýunça bu 29-njy noýabr irden bolar. Türkmenistanda IPTV-si bolan başa-baş söweşiň muşdaklary hem söweşi göni ýaýlymda görüp bilerler. Türgenler sekiz raund söweşerler.
Söweşiň derejesine garamazdan, boksçylara aýratyn guşak berler. Ozal Bütindünýä boks geňeşi onuň nähili boljakdygyny görkezdi.
51 ýaşly Jons 75 söweşde 66 ýeňiş gazandy we 9 gezek ýeňildi. 53 ýaşly Taýsonyň hasabynda 58 söweş bolup, olaryň 50-si ýeňiş bilen tamamlandy. Ol alty gezek ýeňildi, iki söweş hem geçirilmedik diýlip hasaplanyldy.
Taýson ýokary agyr agramda dünýäniň absolýut çempiony, Bütindünýä boks geňeşiniň, Bütindünýä boks assosiasiýasynyň we Halkara boks federasiýasynyň guşaklarynyň eýesi boldy. Taýson soňky gezek ringe 2005-nji ýylda çykdy we Braýan Makbraýdan ýeňildi.
Roý Jons soňky gezek 2018-nji ýylda söweşdi we Skott Sigmony ýeňdi.

Täzelikler, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir