Bir zat ýazmak isledim. Ýöne näme?! Bilmedim. Nämedir bir zat.
Gel gowsy özüm barada ýazaýyn:

Geçmişi unudup, täze ýerde hemme zady täzeden başlamakmy añsat?!
Ýa-da geçmişde bolan ýalñyşlyklary düzedip, geçmiş bilen iç-içe öñki ýeriñde ýaşamak?!

Diýeli, täze ýerde hemme zady täzeden başladyñ, bir gün bolmasa bir gün geçmişden bir pursat aklyñy çelmezmi, seni geçmişe dolamazmy?!
Ýa-da ýalñyşlyklary düzedip, geçmiş bilen iç-içe öñki ýeriñde ýaşañda, her ädimde öñki ýalñyşlyklaryñy görüp ýalñyşmajak bolup ýalñyşmazmyñ?!

Geçmişiñi taşlap hemme zady täzeden başga ýerde başlajak diýip gaçyp gaýtmaklyk, gorkaklyk dälmidir eýsem?!
Başgalaryna mert görünjek bolup, özüñe eziýet berýänligini bilibem geçmişiñ bilen ýaşajak bolmaklyk nä derejede dogry?!


Awtor: Akif TÜRKMEN.

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir