Köplenç çaga dünýä inenden, göni uniweritete düşýär. Ol uniwersitet—çaga gundagdaka zehin ösdürip başlaýan ene-atadyr.
Mysal edip Gelan Domanyň bir ýaşly körpejelere okamany öwredýän usulýetini ýatlalyň. Wagty ýeňmekçi bolýan ýaly we durmuşa geçirip bilmedik umytlaryny we arzuwlaryny çagalarynda amal etmekçi bolýan ýaly, ene-atalar çagalaryna dözümli bilim, ylym çapyşygyna haýdadýarlar.

Köplenç, şol sebäpden, çaga mekdep ýaşyna ýetende, okuwa bolan höwäsini ýitirýär ýa-da öňki berilen agramlyklaryň netijesinde nerw sistemasy bozulýar we ol okuwa hyjuwly ýapyşyp bermeýär. Ýadyňyzda saklaň, çaga öýüne diňe bir bilim däl, eýsem mekdepde öwrenen predmetlerini berkitmek üçin bir topar öý işlerini hem getirýär.

Olary çözmek üçin mekdepde geçilen sapaklardan soň onuň hiç-hili güýji galmaýar. Ol matematikadan mysallary işländen ýa-da taryhy seneleri ýatda saklandan, howluda futbol oýnany ýa-da welosipetde gezelenç edenini gowy görer.

Ýöne ene-ata çagasyny öý işlerine nöwäslendirip bilmese, onda bilim ugrundaky göreş, iki parap üçin hem döz gelip bolmajak jebire öwrülýär. Biz size , öý işlerine kynlyk bilen girişýän çagany höwäslendirmegiň 10 usuluny hödürleýäris.

1-nji usul: Hyjuwa esas.

Eger-de çaga: “Men seniň öý işleri edesiň gelmeýänini bilýärin, ýöne kyn hem bolsa ony etmeli bolarsyň” ýaly sözleri aýtsaňyz, onuň höwäsini bada-bat gaçyrarsyňyz. Ony höwäslendirjek bolsaňyz welin, tersine, onuň bilen gürleşýän wagtyňyz öý işiniň üç sany esasy maksatyna esaslanyň:

-“Mekdepde geçeniňizi berkit. Sen ýene-de köp täze we gyzykly zatlary öwrenersiň. Bu ýeňildir we peýdalydyr”;

-“Öý işlerini etmek bilen, sen öz klasyňdan üzňe bolup, özbaşdaklyga endik edýärsiň. Bu häsiýet saňa durmuşda-da kömek eder”;

-“Sen öz wagtyňy planlaşdyrmany öwrenýäniň örän gowy, bu saňa gelejekde kömek eder”;

2-nji usul: Gowy görelde—täsirli.

Çagalaryň ululara meňzejek bolmagy hemmelere belli. Çagaň öý işlerini etjek pursady, öz işiňi etseň, çagany öý işine höwäslendirersiň (mysal üçin: işde zerur okamaly ýa-da ýazmaly işleriňize güýmenseňiz, içerini syrsaňyz, gaplary ýuwsaňyz). Çaga, her bir adamyň, uly bol ýa-da kiçi bol, tapawudy ýok, özüne ýeterlik jogapkärçiliginiň we borjunyň bardygyny bilsin.

3-nji usul: Öý işi üçin amatly ýeri saýlamak.

Amatlylyk-- oturjak ýerini dogry saýlamakda we gerekli okuw esbaplarynyň barlygyndadyr. Mysal üçin, ýazuw işleri üçin iň amatly ýer, ýörite parta ýa-da ýazuw stolydyr. Çagalar kitap okamakçy bolanlarynda, ýazuw stolundan başga-da özlerine has rahat ýeri saýlap bilerler: kürsi, diwan, halyň üsti.

4-nji usul: Okuw atmosferasyny dörediň.

Çaga öý işlerini edip otyrka, aýdym diňläp, telewizory açyp, telefonda gürleşip, onuň ünsüni bölmäň. Çagalaryň we ulularyň bir bölegi, aýdym sazyň öý işlerini etmäge kömek edýändigini aýdýarlar. Mümkin, kä halatlarda okuwçularyň kä birisine aýdym-saz kömek edýän bolmagy hem ahmal, ýöne aýdym-sazyň sesi köp ýerde diňe ýönekeý meseleleri çözmäge kömek edýär. Çylşyrymly mesele çözülende, ünsüňi aýdym saza bermän işleseň dogry bolar.

5-nji usul: Çagada özbaşdaklygy terbiýeläň.

Mugallymyň roluny oýnamaň, ony mekdepde hakyky mugallym ýerine ýetirendir. Siziň etmeli işiňiz, onuň özüniň öý işlerini etmekligine kömek etmek. Çagada özbaşdaklygy terbiýeläň. Her gün öýe berilen işler barada gyzyklanyň, soraglar berip, çagany dogry ýola ugrukdyryň. Ýetmeli netijelere ýetip, çaga öwgi sözlerini eşitmelidir. Öwgi sözleri ony täze üstünliklere höwäslendirer.

6-njy usul: Çaga öz wagtyny planlaşdyrmany öwrediň.

Öý işleriniň maksady, geçen sapaklar çagaň diňe bir ýadynda galar ýaly etmekde däl, eýsem öz wagtyny planlaşdyryp, ony tygşytly ullanmany öwretmekdedir. Çaga bilen bir günlik, bir hepdelik gün tertibini düzüň. Onda öý işleriniň ýeňilini, çylşyrymlysyny ýerine ýetirmek üçin, şeýle-de öý işlerinden boş wagtyny ýerlikli ullanmak üçin wagty böleklere bölüň. Öý işleriniň ýeňilini we çylşyrymlylaryny gezekleşdirmek peýdalydyr.

7-nji usul: Çaga bilen özüňize maksat kesgitläň.

Eger-de öý işleriniň gün tertibi çagaň öý işlerini etmäge ýeterlik itergi bolmasa, onda çaga bilen maksatnama düzmäge synanyşyň. Maksatnama çagaň ýetişikliligine kömek eder we özbaşdaklyga endik etdirer. Ýerine ýetiren öý işlerini maksatnamada belläp, çaga eden işleriniň netijelerini görüp biljek, oňa baha berip biljek. Bularyň hemmesi onyň üçin höweslendiriji bolup hyzmat eder.

8-nji usul: Öý işleriniň barlagyny oýuna öwüriň.

Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň öý işleriniň barlagyny tomaşa öwüriň, goý olaryň gowy göýän oýnawaç aýyjygy öý işlerini barlasyn we ýalňyşlaryny tapsyn. Uly ýaşly mekdep okuwçylaryň ýalňyşlaryny belläň-de, ony özlerine tapmagy teklip ediň.

9-njy usul: Çaga öwgüli sözleri aýdyň.

Çagaň öý işlerini barlanyňyzda, ilki bilen onuň ýalňyşlaryny görkezmäň. Goşgyny labyzly okanyny, ýurtlaryň paýtagtlaryny ýatda saklanyny ýa-da diktanty gowy ýazanyny aýdyň, diňe şondan soň ýalňyşlaryny görkeziň. Öý işlerini gowy edeni üçin öwgüli sözleri, bile oýnamak, bile kino gitmek ýaly söz bermeler bilen gezekleşdiriň. Ýöne öwgini hetden aşyrmaň, sebäbi çaga diňe bir zähmetine baha berilýänini bilmeli däl, eýsem öz zähmedi bilen ilkinji nobatda öz gelejeginiň aladasyny edýänini bilmelidir.

10-njy usul: Oňa şahsy jogapkärçilik barada gürrüň beriň.

Goý çaga öý işleriniň—öz ýerine ýetirmeli işleridigini bilsin. Çaganyň öý işlerine kömek etjek bolýan gaharjaň ene-atalar, köplenç özlerini gözegçi ýaly alyp barýarlar. Öý işini ýalňyş etse, ýa-da öý işini edesi gelmese, gaýga batýarlar, dowula düşýärler, hatda öý işlerini özleri edýärler. Bu ýalňyşlykdyr. Goý ol, öý işlerini etmäni bilen sizi tukat edip bolmajagyny bilsin. Eger-de klasda öý işlerini etmedik onuň bir özi bolsa, onda onuň özi tukat bolar. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylary uly ýaşlylardan tapawutlylykda, bular ýaly ýagdaýa has üşükli bolýandyr. Ýöne çagany kiçiliginden dogry ugrukdyrsaň, uly klaslarda öý işleri babatda kyn meseleler ýüze çykmaz.

Taýarlan: Arslan Alayew

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir