Böwürslen
(Hekaýa)

Daň agaryp gelýär. Her kim ýatyr – dünýe ilki bolup oýanýan ýaly. Adam ata Ýere
iberilende-de gijelik eken. Ol indi garaňkylykda ýaşamaly bolaryn öýdüpdir.
Birdenem daňyň agaryp, töwereginiň ýagtylyp başlanyny görende ol Allaha şükür
bilen sežde edipdir. Belki, jahan Adam ata üçin ýagtylandyr?!
* * *
Onuň doly ady Nurmuhammedem bolsa, hemme kişi oňa Nurum diýýärdi. Ýaňy
10-12 ýaşdaryndaky Nurumyňam bir endigi bardy – ol hökman Gün dogmanka
oýanaýmalydy. Muny oňa enesi heniz mekdebe-de gitmeýäkä öwredipdi. «Daňdan
perişdeler gezýärkä oýa bolsaň, köp sogap gazanarsyň, süňňüň ýeňil bor» diýipdi.
Togsana golaýlansoň, bir-iki ýyllykda dünýeden gaýdan enesini Nurum dünýede
ähli zatdan gowy görýärdi – hat-da kakasyndanam.
Bu gün bolsa ol şeýle-de ir turmalydy. Geçen hepdeden bäri Nurum daňdan turup
jülgeden böwürslen ýygýardy. Soňam ejesi gapylaryndaky bulgary satmaga
äkidende ýany bile bazara gidýärdi. Ýyganja böwürslenlerini satýardy. Soňam
gazananja puluny ejesine berýärdi.
Daňdan nähili täsin. Onuň täsinliginden töweregem üýtgeşik geýnen ýaly
görünýär. Ynha, Gün dogup töwerek gyzyp ugransoň dünýäň ýüzüni kirşen basan
ýaly bolar. Häzir welin, böwürslenlerem edil bir ýere baglanan merjen däneleri
ýaly. Buz ýaljak miweleriň aýratyn tagamyny nädip düşündirjek. Daňdan tur-da böwürslen ýygyp gör şonda bilersiň diýäýmeseň...
Nurum böwürslenleriň tagamynyň nähili gowudygyny dil bilen düşündirip
bolmajagyna azajyk gynandy. Edil böwürsleniň tikenleriniň eline ýara salanda
çalaja gynanyşy ýaly...
* * *
Maksat «BMW»-siniň ýeňil ruluny ýeňil tutup, gününden hoşal barýardy. Birden onuň jübi telefony hoş owaz etdi. Ol kimiňdir biriniň jaň etmesine begendi.
Telefon bolsa hezil – ol çagyrylmadyk myhman däl. Ýüregiňe düşse ýa halamasaň telefony öçüräýmeli. Emma Maksadyň ony öçürmäge gaýraty çatmady. Jaň edýän
aýalydy. Ol nälaç, ýüzüni-gözüni bürüşdirip jogap berdi:
– Hawa, Maksat diňleýä.
– Men.
– Hawa, sen. Näme gerek?
– Bulgar burç gerek. Ajjyga ýapýan, näme derrew al-petimden alýaň?
– Näçe kile?
– Iki kile bor-la?!
– Men näbileýin. Iki bolsa iki.
– Gyýw, bolýa diýip agşam süýräp getiräýmegin. Şeýle-de Gün gidip barýa. Men baňkalary ýuwuşdyryp otyryn. Häzir getir. Gowsunam gözläp ýörme, arzanragam
bolýa.
Maksat laýyk bazaryň deňinden barýardy. Ol maşynyny gyra sowup saklady.
– Bolýar, on bäş minitden barýan.
Bazar adamlardan ýaňa hyň berýärdi. Maksadyň häzir onuň jümmüşine çümesi
gelmedi. Onsoňam bazara giren ýeriňde, ýerde oturyp satýanlar, alyp-satar
bazarçylar bolmansoň zatlaryny arzan berýärdiler. Maksadyň gözi bulgar burç
satyp oturan daýza düşenden göni şoňa tarap gaýtdy.
– Bulgary näçe diýýäň?
Pukara nazary geýnüwli ýigide düşenden hasam müýnürgän Nurumyň ejesi:
– Iki müňden. Alaý, bar galanjam şü – diýdi. Maksat içinden «Muň bazarçy däldigi
bolşundan belli. Bazarda iň arzan bulgaryň şuňkudygyna golam çekerin» diýip
pikir etdi-de:
– Manat ýarymdan bolanokmy, iki kile aljak – diýip, ýerde aşagyna kardon kagyz
ýazyp oturan daýza diňkesini dikdi.
– Ýok, janym. Bar galanjam şü. Ikiden alyp durlar.
– Bolýa-da. Munyň iki kile bir çykarmyka, hany çek.
Çommalyp oturan Maksadyň ilikleri ýazdyrylan penjeginiň syny guma degdi. Ol
mundan bihabar gapjygyny açdy.
– Pakediň bamy?
– Ýok. Özüňde ýokmy?
Maksat töweregine garanjaklap paket satýan gözledi. Açylan gapjykdaky bir petde
pula gözi düşen Nurum saklanyp bilmedi:
– Daýy, böwürslenem alaý. Şü ýaman gowy zat, gany köpeldýä. Alaý.
– Men howlugýan-laý. Hany pakediň ýokmy?
– Pakedim bar, ine. Ýaman gowy zat, ganyňy köpeldýä, daýy.
Nurum ýukajyk selofana salynan böwürslenlerini mazamlady.
– Ýok-how, maňa bulgar salar ýaly paket gerek.
Maksat oglanjygyň bolşuna ýylgyryp burç satýan daýza seretdi.
– Şu-la zor edibem böwürslenlerini aldyrjag-aý.
Daýzaň ýüzüni aşak salyşyndan aýdanyny halamanyny duýan Maksat oňaýsyz
ýagdaýdan çykmak islän ýaly ýene oglanjyga bakdy:
– Näçe diýýäň, onnoň eliňdäkini?
– Dört müň manat.
– Dört müň?! Gymmat-laý.
Daýza oglanjygyň ýerine jogap berdi:
– Üçe alaý.
– Üçe alaý, daýy, bar galanjam. Ganyňy köpeldýä...
– Aý bolýa getir. Söwda etmän-ä oňarjak sen.
Nurum begenjine nädip guş bolup uçmady biz haýran. Ol ýyljyraklap iň soňkuja
böwürslenlerini Maksadaa uzatdy. Oňa çenli bulgar burç salar ýaly pakedem
tapyldy. Maksat ilki burçuň bahasyny töläp, soň üç sany müňlügem böwürslen
üçin daýzaň öňünde goýanda göwnüne müňlükler üç däl-de, dört ýaly göpündi. Ol
ýene bir gezek başam barmagy bilen süýem barmagynyň arasyndan geçirip
pullaryň üçdügine göz ýetirdi. Ýerinden turup maşynyna tarap gaýşarlyp ugran
Maksat penjeginiň gyrasyny gum edenini gördi. Böwürslen bilen burjuny bir eline
alyp beýleki eli bilen penjegini kakyşdyryp barşyna ol içinden paýyş sögündi.
– «BMW»-e ýetseň, öýe ýeten ýaly bolaýýaň-aý – diýip pikir eden Maksat ýola düşeni bilen telefonyny eline aldy.
– Sulýa!
– Sulýa diýmesene, süle ýaly bolýar. Sülgün diý.
– Bolýar, bolýar, Sülgünjigim, sen böwürsleni gowy görýäňmi?
– Obožaýu.
– Onda garaş ýarym sagatdan barýan, okeými?
– Okeý.
Telefony ýapan Maksat:
– Sülgünimiň ýanynda bir süýnsem, ähli ýadawlygym gider, onda-da
böwürslenlije. Ýaňky oglanjyk näme diýdi? Hä, ganyňy köpeldýä...
Öýüne gelen Maksat bulgar burçly pakedi alyp maşynyndan düşdi. Ol jaýa gireni
bilen 5-6 ýaşlyja Ahmedi ylgap maşyna mündi. Müneni bilenem gözi
böwürslenlere düşdi.
Maksat:
–Men howlugýan, işe ýetişmeli – diýip maşynyna dolanyp gelende
böwürslenleriniň ýokdugyny gördi:
– Hany, böwürslen alypdym-la?
– Ony eýýäm ogluň içki tama geçip iýip otyr.
– Bäh, bu çagalar niräňe dyksaňam ýolup alyp iýjekler-aý.
– Kakasy sen-dä.
– Hawa-laý, şoň üçin alypdym-laý. Ýuwup iýsin.
Gaýdyşyn ýene bazara sowlan Maksat bu gezek onuň hyň berýän jümmüşine
çümmeli boldy. Emma hiç ýerden böwürslen tapmady.
* * *
Böwürslenlerini satan Nurum ejesi bilen eýýäm öýlerine ýetip barýadylar. Ejesi
görgüli ýol boýy ogluna guwanyp geldi. Geýnüwli ýigidiň ogluny öwüp
aýdanlaryny gaýta-gaýta gaýtalady. Nurumyny edil şoň ýaly geýnüwli, gapjygy
puldan doly göz öňüne getiren ene durup bilmän onuň başyny sypap maňlaýyndan
ogşady. Awtobusyň içinde, köpçülikde özüniň ogşalmagyndan çytylan Nurum:
– Eje beýtmesene – diýip gyzardy. Soňam birden ejesine tarap öwrüldi-de:
– Eje, çyndanam kyýamatda kim günä eden bolsa, şony oda ýakýalarmy? – diýdi.
Onuň edil özi oda ýakylyp barýan ýaly gözjagazlary balkyldaýardy.
– Sen günä edeňog-a, oglum.
Nurum sesini çykarmady. Ahyry öýlerine ýetenlerinde olaryň öňünden kakalary
çykdy. Neşä özüni aldyran, çala şemal gatyrak gelse göterip alyp gitjek kakasy
hüňürdeýärdi:
– Şunça wagtlabam bazar bolarm-aý? Ertirden bär-ow, gözüm ýoluňyzda galdyla-
ow. Azarlap öldümä-row.
Nurumyň ejesi sesini çykarman içerik girdi. Onuň diş-dyrnak bolup gazananjasyny
adamsyna beresi gelenokdy. Bermänem bilenokdy. Nurumyň welin keýpi kökdi:
– Kaka, kaka! Menem ählije böwürslenlerimi satdym.
– Bolýa-laý. Seň böwürslenleň bilen...
Kakasy Nurumyň ýeňsesine çalyp goýberdi. Muny gören eje görgüli saklanyp
bilmedi – eline ilen boş çaý gaby boldy, şony dazyladyp adamsyna tarap saldy.
Gaty gapyrjak gözüňe degse çykarjak, maňlaýyňa degse ýarjakdy. Birden tutuş
durky bilen üýtgäp, gaýduwsyz sypata giren ejäniň bolşy edil kürk towuguň
jüýjesini goramak üçin özüni oda urmaga-da taýyn, hiç zatdan heder etmeýşine
meňzeýärdi.
– Barmagyňam degiräýmegin, ogluma. Edil barmagyňy ýeke-ýeke sograryn.
Aýalyndan, ýuwaş pakyrym görgüliden henize çenli beýle zady görmedik
neşebendiň zähresi ýaryldy. Gorkusyna saňňyldap diline näme gelse samraberdi:
– Degmedigim, degmedigim. Men bir Hudaý uran-a, siz bir meni urmaň-da. Belaň
körügi men, ne ölüp bilýän, ne-de şo haramy taşlap bilýän. Men bir Hudaý uran-a.
Siz bir meň bilen deň bolmaň-da...
Nurumyň ejesi pul düwülen ýaglygyny adamsyna tarap zyňyp goýberdi-de biş-düş
bilen boldy. Düwünçek öňüne düşen neşebent gurap süňk bolup galan, gyssanjyna
titireýän uzyn barmaklary bilen derrew ony çözdi. Içindäki pullaryň baryny garbap
eline aldy. Birdenem her hereketini sypdyrman syünlaýan oglunyň monjuk ýaly
ýyldyraýan gara gözlerine gözi düşdi-de sakga durdy. Gysymyny açyp diňe bir
çekerlik puly aldy, galanyny ýalyga atdy, emma durup bilmedi – puldan ýene dört
sany on müňlügi aldy. Soň ýaglygy hasyr-husur düýrläp, öňküsi ýaly düwdi.
Aýalyna:
- Hemmesini alan däldirin-eý – diýip gygyrdy.
Ol ylgap diýen ýaly daşaryk çykdy, ýelkidikläp neşe satýanyň öýüne tarap
haýdady. Ol aýagynyň ýere degýäninem duýman barşyna içinden aýalyna alkyş
aýdýardy.
Nurum welin, kakasynyň urulmagyna namys etdi. Başga biri bolsady «Näme
kakamy urýaň?» diýip topuljakdy, ýöne ejeňe zat diýip bolýamy.
* * *
Nurumyň kakasy ady hammam, köne kümäň içinde çugutdyryp näçe oturanynam,
gözünden ýaş syrygýanynam bilenokdy. Onuň göwnüne henizem aýaly:
«Barmagyňy ýeke-ýeke soguraryn» diýip duran ýalydy. Birden jygyldap
hammamyň gapysy açyldy. Ogly Nurum boýunjagazyny içerik uzatdy. Kakasy
gaňrylyp oňa seretdi.
- Kaka, kaka... Aglama, ejem ýöne gaharyna diýäýdi. O seni gowy görýär-ä.
- Bilýän oglum, bilýän. Menem seni bilmän urdum, urjak däldim.
- Hiç, o hiç. Pulam hiç. Ertir ýene böwürslen ýygaryn. Baý adamlar böwürsleni
ýam-man gowy görýäler. Kaka, men ulalamda bizem baý bolarys gerek?..
* * *
Garaňky düşdi. Nurumam ertir daňyň atjagyna ynanyp uka gitdi. Düýş gördi.
Düýşünde şeýle bir hezillik. Töwerek, ýöne, böwürslen bolup ýatyr. Olam ejesi
bilen olaryň üstünden gol tutuşyp uçup barýalar.
– Eje, bu böwürslenleň kändigini, özem ýygylgyja. Bazara äkidip satsak, kän
pulumyz bor.
– Indi biz bazara gitmeris, oglum.
Nurum uçup barşyna hem ejesiniň aýdýanlaryna, hem onuň Aý ýaly töwerege şöhle saçyp, lowurdap duran ýüzüne haýran galýardy.
– Eje näme boldy?
– Kyýamat gopdy, oglum.
Nurum sakga durdy.
– Hany, kakam? Ony oda ýakýalarmy? O meni çalaja urd-a. Alla jan, ony oda
ýakma, ony bagyşlaý, Alla jan! Alla jan, sen gow-a. Enem saňa gowy diýýädi. Alla
jan!…
* * *
Nurumyň ejesi welin, penjireden düşýän Aýyň ýagtysyna seredip uklap bilmän
ýatyrdy. Ol entek gyzka ejesiniň:
– Gyzym, aýalyň adamsy ýerdäki Hudaýydyr – diýenini ýatlaýardy. Onuň turup
dolan Aýy synlasy geldi. Ol kiçijikliginden Aýy synlamagy gowy görýärdi. Onuň
ady Aýbölekdi. Ol oglunyň basyrganyp «Alla jan!» diýmesine tisginip gitdi.
– Ýatyber oglum, ýatyber.
Nurum oýandy.
– Eje meni daň atdygy turuzgyn.
– Bor, oglum ýatyber.
Turup Aýy synlamaga penjiräň öňüne barmadyk Aýbölek ahyry uka gitdi. Ertir
daň agarar, Nurumyň garaşýany üçin daň agarar. Ýogsa daň adam üçin
agarmaýarmy näme?!

Aşgabat. 2002.

Hydyr Amangeldi

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir