Ene ýüregi (aýdym).

Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz,
Enä­niň­ ýü­re­gi­ gül­den­ nä­zik­dir.
Enä­niň­ hiç­ er­bet ­ar­zu­wy­ bol­maz,
Ar­zu­wy abat­lyk hem-de sag­lyk­dyr.

Gaýtalama
Enä­niň­ ýü­re­gi­ her­ der­di­ sy­zar,
Her ­der­diň ­der­ma­ny ­onuň­ sö­zü­dir,
Enä­niň­ gül ­ýü­zi­ ga­ha­ry­ňy­ ýa­zar,
Ene­ ýa­şa­ýy­şyň,­ bag­tyň ­gö­zü­dir.

Enä­niň­ ýü­re­gi­ der­ýa­ dek­ giň­dir,
Enä­niň­ ýü­reg­ne­ bir­ dün­ýä­ sy­gar.
Enä­niň ­söý­gü­si ­de­ňiz­den ­çuň­dur,
Ene­ mäh­rin ­sal­sa­ gi­je­ Gün ­do­gar.

Bag­şy­ jo­şa ­gel­se,­ bagş­eder­ bir­ söz,
Şa­hyr ­jo­şa­ gel­se,­ dö­re­der­ des­san.
Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz,
Ene ­öz ­mäh­rin­den ­dö­red­ýär­ yn­san.

Sazy: Gahryman Aşirowyñky.
Sözleri: Gara Seýitliýewiñki.
Çeşme: "EDEBIÝAT we SUNGAT" gazeti.
2020-nji ýylyñ 16-njy oktýabry, anna

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir