ATEISTLER HAKYNDA GYZGYNJAK HEM GYZYKLY HENEKLER





Filosofiýadan synag wagtynda soraglaryň jogabyny bilmese-de özüni juda dogumly alyp barýan talyp ýigide gahary gelen mugallym oňa käýinip başlaýar:
ㅡ Ýagşy ýigit siziň bilim çölüňizde ýekeje-de bagy-bossanlyk (oazis) ýok...
ㅡ Näme üçin, hormatly mollym, ㅡ diýip ýeser ýigit onuň igenjini bölýär-deㅡ Meniň bilim çölümde bagy-bossanlygyň birnäçesi bar, ýöne hemme düýeler ony gözläp tapyp bilmeýär...

* * *


Kitaphana.
Talyplar filosofiýadan synaga taýýarlanýarlar. Olaryň biri beýlekisine Sokratyň sözlerini gaýtalap berýär: 
ㅡ Men diňe bir zady bilýärin, özümiň hiç zady bilmeýänligimi... Olary diňläp duran beýleki ýoldaşy bolsa, ägirt uly gamgynlyk bilen olaryň gürrüňine goşulýar:
ㅡ Men bolsa, şonam bilemok...


* * *

Talyp ýigit filosofiýadan "logiki yzygiderlilik" diýen soraga jogap bermeli bolýar. Mugallym oňa näçe kömek etjek bolup, soragyň dogry jogabyny birnäçe gezek ýaňzydýaram welin, ol bu soragdan hiç baş alyp çykyp bilmändir. Ahbetin mugallym ony synagdan "ýykýar". Onsoň ahmyrly talyp mugallymdan özüniň jogap tapyp bilmedik bu soragyny düşündirmegi haýyş edýär. Mugallym oňa düşündirip başlaýar:
ㅡ Bu soraga mysalyň üsti bilen düşünmek aňsat bolar. Mysal üçin, ine, seniň öýüňde akwarium barmy?!
ㅡ Bar. -Sen onda balyk saklaýarsyňmy?
ㅡ Hawa.
ㅡ Diýmek, sen onda tebigatam gowy görýänsiň, şeýlemi?
ㅡ Hawa.
ㅡ Diýmek, sen tebigatdaky gözellikleriň hemmesinem halaýansyň, şeýlemi?
ㅡ Hawa.
ㅡ Onda, diýmek sen gözel gyzlaram gowy görýänsiň, şeýlemi?
ㅡ Hawa.
ㅡ Diýmek, bu akwariumdan başlanan filosofiki-logiki yzygiderlilikde ine ahyrky netije - sen jynsy taýdan sagdyn adam, beçebaz däl. Düşündiňmi? 
ㅡDüşündim, mollym! ㅡ diýýär-de, talyp otagdan çykýar. Ol çykan badyna-da synag nobatyna garaşyp duran ýoldaşy ony saklap, ondan soraýar:
ㅡ Ýykyldyňmy?
ㅡ Hawa.
ㅡ Haýsy soragda.
ㅡ Logiki yzygiderlilikde.
ㅡ Ol näme, düşündirsene!
ㅡ Ine mysal üçin, seniň öýüňde akwariumyň barmy?!
ㅡ Ýok.
ㅡ Diýmek onda sen beçebaz. Düşündiňmi?!


* * *

Filosofiýadan synagda mugallym ýaşajyk talyp gyzdan soraýar:
ㅡ Aýdyň hany, Immanuil Kant "öz-özüňdäki närse" diýende nämäni göz öňünde tutupdyr? Talyp gyz gyzarypdyr-da, jogap beripdir:  ㅡ Tampony. 



* * *

Filosofiýa dersinden synag alýan mugallym hemme talyplara diňe birje sowaly berýär we şol sowala dogry jogap bermedik talyplary synagdan geçirmeýär: Onuň berýän sowaly şu ekeni:
ㅡ Näme üçin?
Talyplaryň hiç haýsy mugallymyň bu düşnüksiz soragyna dogry jogap berip bilmeýärler. Diňe synagyň ahyrynda gelen, bir talyp, mugallym ondan:
ㅡ Näme üçin? - diýip soraýar welin:
ㅡ Näme üçin ýok?! - diýen sorag bilen jogap berýär. Mugallym şol talyba bäşlik baha goýupdyr.

* * *


Ukusyna ejiz, ýatak oglanjygy ir bilen ejesi mekdebe ugratmak üçin oýarmaga çalyşýar: 
ㅡ Oglum, turaweri ir turana Taňry berer diýýärler! ㅡ diýip ejesi ony yralaýar.
ㅡ Ýo, eje maňa azar bermesene!-diýip ol yňranjyraýar-da şeýle diýýär: ㅡ Men barybir, ateist...

* * *

ㅡ Şu ateizmde iň erbet zadyň nämedigini bilýärsiňizmi?!
ㅡ Hawa ㅡ diýip ýüzünde gan-pet ýok juw-ak biri jogap berýär:
ㅡ Seň üstüňe wampir topulsa, senem onuň öňüne haç kesertseň, olam ateist bolup çyksa...
 
* * *

Ylmy ateizmden okadýan mugallym, sapak sorap durka, temany bilmeýän talyba goşmaça ýumuş buýurýar:
ㅡ Dünýä edebiýatyndan söweşjeň ateistiň çeper keşbini mysal getiriň!
ㅡ Otello.
ㅡ Düşündiriň.
ㅡ Ol gije öz aýalyndan: "Dezdemona, sen agşam üçin çokundyňmy?" diýip soraýar. Dezdemona oňa: "Hawa" diýip jogap berýärem welin, Otello şonuň üçin ony bogup öldürýär. 


* * *

Geçen asyryň 30-njy ýyllary, uniwersitetde mugallym talyplary ylmy ateizmden okadyp otyrmyş. Bir talyp güpürdäp okuw otagyna girýär-de, mugallyma:
ㅡ Ýoldaş mollym, enkewedeçiler ýene-de bir mollymy alyp gidipdirler! ㅡ diýip gözüni petredýär welin, ateist-mugallym:
ㅡ Estagfurulla! Bizi bir Hudaý saklasyn!-diýip pyşyrdapdyr.


@Bagabadyñ teswirlerinden toplanyldy

www.kitapcy.com

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir