ÖMÜRZAÝA ÝYLDYZYM

Men ýola düşýärin, gidemok ýalňyz,
Meniň bilen asyr barýar ädimläp.
Küküreginde syrlar gizlän topragym,
Gyzykly gür berýär pikirlerin jemläp.

Meýmiredip bu gyzykly gürrüňler,
Ýaş juwan kalbymy gurşap alsa-da,
Ýok, hiç wagt dönmen uzak ýollardan,
Saçlam agarýança hemra bolsa-da.

Men ölsem-de, ölmez ýaşar asyrlar,
Men ölsem-de, ölmez ýaşar nesiller.
Meni ýagşylykda ýatlasa biri,
Ömrümden razy, Diri men, diri!

■ BIZ ÝÖRÄP BARÝARYS

Ýöräp barýas. Ýöräp barýas ikimiz,
Şagalaňly giň şähere syn edip.
Sen maňa bakaňda meň ýaş ýüregim,
Uçjak bolýar, al-asmana meýl edip.

Sen maňa bakaňda meň ýaş ýüregim,
Ganat kakýar ymaratlaň üstünde.
Sen maňa bakaňda meň ýaş ýüregim,
Ýüzüp ýördi goja Kaspiň üstünde.

Arzuwlarym pel-pelläp ýör gözlerde,
Görmek isläp täze-täze ýerleri.
Ah, doganlar, maňa belli bolsady
Nätanyşlaň ýüreklerniň syrlary.

Biz ýöräp barýarys öýmüze sary,
Seň maňa gür berýäň jandan syzdyryp.
Hä bersem-de, göwnüm daglar başynda,
Ylham joşýar gyzyl ganym gyzdyryp.

Eger-de ylhama boýun egmeseň,
Aýlar bilen ýyllar menden öýkelär.
Eger-de ylhama boýun egmeseň,
Ýollar bilen iller menden öýkelär.

Biz öýmüze ýetdik. Düşdi garaňky,
Sen ýatyrsyň gülli ýorgana bürenip.
―Rahat ýat! diýp, dileg edýär hüwdüläp,
Daşardaky belent çynar yranyp.

Meni bolsa ylham saldy duzaga,
Men göwrämi seň ýanyňa taşladym.
Kalbym joşup, uzaklardan uzaga,
Giň jahana seýil etmäge başladym.

Aýlanyp ümmülmez giň särany,
Bagra basdym uç – gyraksyz düzleri.
Gözel-gözel şäherlerden göründi,
Uklap ýatan adamlaryň ýüzleri.

Gara baglar süýji uka batypdyr,
Eşidilenok bilbilleriň nagmasy.
Hüwdileýär şagalaňly şäheri,
Şahyr ýüregimiň şowhunly sesi.

Ana, birden gündogardan gyzaran,
Ýalyn ýaly bolup şapak göründi.
Eý, ylhamym, ýyldyrmdek çalasyn,
Kalbymy ýaryma eltiber indi.

Aýlansam-da ylham bilen seýl edip,
Görülmedik täze-täze ýerleri.
Ýok,ýok! Enteklerem belli däl maňa,
Nätanyşlaň ýüreklerniň syrlary.

Goşgy ýazdym, uzak gije ýatmadym,
Kalbym hemra boldy uzak ýollara.
Oýlanýaryn ünji edip bir zady, ―
Ýazan goşgym ýararmyka ilime?

Ine, şeýdip, ir ertir hem giç agşam,
Poeziýa deňzinde dem alýaryn men.
Seni ýalňyz goýan, nädeýin ýarym?
Ozalda näme üçin meni söýdiň sen?

Daňam atdy. Hossarlarym gygyrdy, Gizlendi asmanda iň soňky ýyldyz.
Essalawmaleýkim, eziz adamlar!
Ir bilen sag-aman turduňyzmy siz?

■ ÝADYGÄRLIK GALSYN

Serediň adamlar, sözleýär asman,
Sözleýär seslenip mawy bulutlar.
Serediň, serediň baksaňyz her ýan,
Sözleýär seslenip bägüller, otlar.

Derýalar möwüç urýar,deňizler joşýar,
Tolkunýar ol , mawy asman tolkunýar.
Tolkuna ýyldyzlaň suraty düşýär,
Serediň dostlarym, güneş galkynýar!

Toplanyşyp gökden uçýar durnalar,
Saýraýar serçemen baglaň guşlary.
Ganatlaryn gerip geçýär durnalar,
Seslenýär daglaryň belent başlary.

Bat bilen silkinip sözleýär Watan,
Näletläp ol elhenç atom bombasyn.
Ynsanlara gülüp gözleýär Watan, ―Eşitmek islämok diýp, bombalaň sesin.

Gaýtalaýar muny enem-mähriban,
Gaýtalaýar çagalar dürli dillerde.
Atom bilen ýandyrylsa bu jahan,
Aýdyň ahyr, mekan tutjak nirede?

Goý, güneş parlasyn, tebigat gülsün,
Ynsanlaň öňünde çöksün ol dyza.
Biziň döwrümizden ýadygär galsyn,
Päk parahat asman nesillerimize!

ARZUWLARYM

Men rahat ýatyryn şirin ukyda,
Durmuş hüwdüleýär sallançagynda.
Meni bilen arzuw ýatyr ukuda,
Duýgularymy gizläp giň gujagynda.

Käte öpýär, käte bagryna basýar,
Arzuwlarym gijeler oýnap meň bilen.
Gudratlar baş egip, şemal öwüsýär,
Ana, şonda ýola düşýäs daň bilen.

Kalbymda bir owaz barha ýaňlanyp,
Şirin mukamyna bent etdi meni.
Arzuw bilen şol mukama diň salyp,
Geçirýäris ýol üstünde her güni.

Arzuwlar, arzuwlar, baky ýoldaşym,
Men siz bilen döredýärin, gurýaryn.
Umytlaryň gaýnap çykýan gözbaşy—
Menzillerden-menzillere barýarys.

■ GÖÇÜP GITDIK

Göçüp gitdik ýanyňyzdan, ezizim,
Gül açanda bagyňyzyň almasy.
Göçüp gitdik ýanyňyzdan, ezizim,
Eşidilende bilbilleriň nagmasy.

Altyn ýaprak şahalarda seslenip,
Güýz gelende gelerin men beslenip.
Galdyr ýüzüň, gara gaşyň göreýin,
Çygly gülden çemen sowgat bereýin.

Gapyňyza gezdiremde gözümi,
Gol bulady howlyňyzyň üzümi.
Penjreden gördüm gülli keçäňiz...
―Ýaryň seni söýýär diýdi köçäňiz.

Pyntyk açyp obamyzyň tutlary,
Ülpüldeşip suwly ýabyň otlary,
Öwsünişip şemal bilen bileje:
―Ýaryň seni söýýär diýdi çalaja.

Kemerli dag seredip dur, gol bulap,
Gel-gel, oglan, ýere bakma öýkeläp.
Ugrat, ýarym, lälezardan ýöräli,
Gelerin men garalanda garaly.

***

Dostlar, bir wagtlar jahyldyk bizem,
Göz astyndan syn ederdik gyzlara.
Taban murtlarymyzy şemala tutup,
Durmuşyň ajysyn almazdyk sere.

Ýetginjekdik, bar küýümiz okuwdy,
Daşymyzdan guwanardy eneler.
Çärýeklerde ýaryşardyk, bäsdeşdik,
Dokuzynjy ―''a''-lar, onunjy ―''b''-ler.

Klasdaşlarmyz bir-birine goňşydy,
Üýşüşerdik zalda jaňyň sesine.
Biz jedel ederdik oglanlar bolup,
Sapak başlar, gijä galardyk ýene.

Söýülsek-de , käýelsek-de o ýyllar,
Günsaýyn ösýärdik şatlykdan ýaýnap.
Biz gedemsizjedik öz ýanymyzdan,
Boýny monjukluja gyzlary saýlap.

Sapak gutardy, gapyň agzynda,
Syrlyja ýylgyrşyp garaşýardyk kän.
Ine, şeýdip söýüpdik biz gyzlary,
Ýöne gyzlar bizi söýdülermikä?

■ BIZ OLARY GÖZLÄRIS

Iňrik garalanda daş çykdy aýal,
Oýlandy, köp dymdy, gör,näme hakda?
Kölgeli bulutlar elhenç ses edip,
Paralandy birden elhenç ses edip.

Ýok, şonda-da tisginmedi ol aýal,
Diňe dymmak bilen gynandy jany.
Umytly gözlerin alysa dikip,
Synlady gaýtadan gözel asmany.

Goý, ýyldyrym çaksyn, gopsun harasat,
Bu ýolda hiç tupan gorkuzmaz ony.
Gözlär ol ömürlik umytly gözler,
Urşa giden äri bilen ogluny.

Ol günleri, heý, unudyp, bolarmy,
Biz niçik gyşlapdyk ýyly gyşlary?
Nirä ýitirim boldy, gizlendi nirde,
Kyrk ikinji bahar, kyrk ikinji ýyl,

Ýetginjek ýigitleň ýylgyryşlary?
―Ýene-de şol hakda, uruş barada,
Ýatlamany bes edýäris, belki biz.
Men köplerden eşidipdim bu sözi,

Diýdiler: ―gozgamaň ýaralarmyzy.
Bu dogry. Biz gördük ol hakykaty,
Gerdende göterdik urşuň özüni.
Soň ekranda hem romanda, goşguda,

Irmän ýatlaýarys ol gaýly güni.
Belki, indi ýatlamany bes edip,
Sözlemmize goýýarys biz nokady.
Ýöne bu nokatlar köpeler, lowlar,

Ýanar-da ýatladar ol hakykaty.
Goý, bu mukaddeslik ynsan ýüregne,
Ebedilik aýdym bolup ýazylsyn.
Ölenleň gaýraty diriler üçin,
Watan goragynda görelde bolsun!

***

Gör, iller birýana howlugyp barýar,
Kim dostunyň, kim ýarynyň ýanyna.
Maňa bolsa garşýan ýok dünýäde,
Şonda-da ýol söküp barýaryn öňe.

Diňe hol öňümde garantga deýin,
Hemra bolup barýar ýalňyz maksadym.
Diýýän ol: ―Şol belent daglara çykyp,
Bu jahana göz ýetirip baksadym.

■ MYRAT BILEN GÜLÄLEK

Ýoluň öwrüminde dur äpet gaýa,
Göýä dünýämize bergili ýaly.
Iri halplar bilen ýylçar göwsüne,
Ýazylypdyr ―Myrat bilen Gülälek.

Adatdaky ýaly gündi ol günem,
Dünýe parahatdy, durudy asman.
Göýä gözellige gark bolan ýaly,
Durdy bu gaýada iki ýaş juwan.

Ah, olaryň arzuwy niçiksi giňdi...
Ýigit başarmandy pikirin jemläp.
Diňe şeý diýipdi, gysgajyk sözde,
Gyzyň ýogyn saçlaryny gysymlap:
ㅡ Sen meňki bolarsyň...
Toýumyz bolar,
Bu gözleri öperin men ömürlik.
Bize sorag galar ajap ýyllardan,
Eşretki ýaşaýyş hem mydam birlik.

Şonda gyz gülküsi daglara dolup,
Batly ýaňlanypdy jadyly ýalak.
Hawa, şol gün ýazylypdy bu ýazgam:
Iri harplar ―Myrat bilen Gülälek.

Olaryň duýgysy gözeldi şeýle,
Durmuş! Romantika! Gaýgy – gam ýatdy,
Aýralyk diýen zat ýatlanylmazdy.
Ol söz söýülmeýän, elhenç bir zatdy.

Emma olar duşuşmandy şondan soň,
Ýigit urşa gitdi, aýralyk geldi.
Diňe ýylçar goja gaýaň ýüzünde,
Umytly ýazylan ýazgylar galdy.
Ýoluň öwrüminde dur äpet gaýa,
Delminiň birine garaşýan ýalak.

Iri halplar bilen ýylçar göwsüne,
Ýazylypdyr―Myrat bilen Gülälek.

■ MENIÑ GÖREÇLEMDE KAKAM ÝAŞAÝAR

Ol ýatyr. Ýan berip krowatynda,
Onuň agras başy ýerden galanok.
Lenç bolan ökjeler, ysgynsyz dyzlar,
Ýöremek isleýär, ýöräp bilenok.

Ynjalyk tapmaýar şirin janyna,
Ýassygyn gujaklap agýar-da, dönýär.
Göýä oň göwnüne ýelek düşekçe,
Synanyň astynda göwreýär, ýanýar.

Elinde granat, bagryn ýere oýkap,
Gar üstünde söweşip barýar ol ýene.
Bombalar ýarylyp, tüteýär zemin.
Ýalaňaç döşlerde gülleler gyzyp,

Sanaýar ençeler iň soňky demin.
Käsi arkan, käsi ýüzin ýykylşyp,
Ýatyr ine, ene süýdin emenler.
Merdemsi kükregin al-gana boýap,
―Watan! diýip gözün baky ýumanlar.

Eňräp ak bultlar, garalýar asman,
Bagry bilen süýşüp barýar ol ýene.
Gam çekýär sähralar, aglaýar düzler:
Adam ajal zyňýar adam üstüne.

Barýaryn ýanyňa, sypaýan başyn,
Diýýän: ―çaý demledim tursana kaka!
Kakam ses berenok, titreýär kakam,
Ýetişiň, adamlar, bu niçik waka?

Çykyp barýar göreçleri hanadan,
Bedeni gögerýär, ýüzi gögerýär.
Bilmen, ol näme üçin soňky deminde:
- Öňe! Öňe! Öňe! - - diýip gygyrýar.

Olar ýola düşdi, barýarlar ana...
Eginlerde atam bilen merdiwan.
Merdiwany alyp barýar gerçekler,
Biliň, meniň ömrüm size bendiwan.

Göz öňünden ýitip barýar tabydyň,
―Eý, atam jan, gidip barýaň gelmeze!
Iki ýoluň çatrygynda aljyrap,
Ine, men şeý diýip, çökýärin dyza...

Gözleriňi göreçlemde saklaryn,
Seň gözleriň küýsäp maňa seretsin.
Köp ýerde yz goýan agyr täleýiň,
Goý, rehimsiz ýüreklerem eretsin.

Habar berer göreçlerim görene,
Şol gaýly ýyllarda synaň owulşyn.
Synaň azar çekip krowatyňda
Damarlaň dartylyp käte düwülşin.

Men seni ýatlaryn, seni küýsärin,
Atam, bagtym üçin saňa minnetdar.
Aglamaň, jigilem, rahatlan, enem,
Meniň göreçlemde kakam ýaşaýar.

Güne öwşün atýan kümüş ýapraklar,
Hoşlaşmady, eziz atam, seň bilen.
―Ol adam guşlaryň ganatynda diýp,
Saýrady bilbiller ala-daň bilen.

Sen entek-entekler ýaşamalysyň,
Öňde galdy ýaşamaly ýyllaryň.
Deňiz kenarynda, daglaň gerşinde,
Öçmändir henizem aýak yzlaryň.

Aýak yzlaryňy ýelden goraýar,
Patrak dek açylan erkin almalar.
Ýyllar gaýyp bolup geçip gitse-de,
Kökünde saklajak adyňy olar.

Ýatlaýar dünýämiz, seni ýatlaýar.
Köne dörän, täze dörän şäherler.
Gyrmyzy gülünde adyň nagyşlap,
Ýatlaýar şol ýyllar, ala-baharlar.

Ýöne boşap galdy biziň dulumyz,
Men agyr oýlanyp, atardym daňy.
Şol säherde dünýä inen nesiller,
Dakynýarlar seniň eziz adyňy.

Annasoltan KEKILOWA

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir