Eý, palowyň aşagyny ýakmaýan,
Çorba duzy aşa-aşa atmaýan,
Ýymyrtgadan etden börek bükleýen,
Aýaljanym gaýdyp geläý yzyňa.

Içip gelsem hona bilen salmaýan,
Çisolardan otyzbiri halaýan,
Ýaltanmany aýlygymy sanaýan,
Aýaljanym gaýdyp geläý yzyňa.

Çil gyradan sygyrlara ot orýan,
Ot ormakda maşyny gaýra oturdýan,
Sugşurmakda goňşylardan ötürýän,
Aýaljanym gaýdyp geläý yzyňa.

Eşiklermi diňe özi ýygnaýan,
Jaýyň için seremjanlap gül edýän,
Arak käse, süýşelermi kül edýän,
Aýaljanym gaýdyp geläý yzyňa.

Sen gelen soň - arak içmämi taşlajak,
Süýşäm döwmän alýanlara daşajak,
Öňkim ýaly ýene wino başlajak,
Aýaljanym gaýdyp geläý yzyňa.

Ýolagçy

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir