MUSULMANLARY UNUTMAÑ!

Kesgitleme: Antikapitalist rewolýusioner musulmanlar akymynyñ wekili Mehmet Lütfi Özdemir 2013-nji ýylda “Ryza şähri” romanyny çap etdirdi. Romanda Stambulda taksiçilik eden Aly bankdan alan kreditini töläp bilmänsoñ, barja baýlygy bolan öýüni elinden aldyrýar we netijede öz janyna kast edýär. Soñra gözlerini açýar we çölde bagy-bossanlygyñ içindäki "Daru's-Selam" şäherine gidýär. Bu şäherde puluñ hiç hili güýji ýok, hususy mülkler, baý-garyplyk, synplar, adam adamy eksplutatirlemek ýok, hemmeler oñşukly, ynsanperwer we her kim öz etmeli işini Allanyñ razylygy üçin edýär... "Daru's Selam" - parahatçylygyñ ýurdudyr we baş gollanmasy Gurhandyr. "Biz ezilenleri ýer ýüzünde öñbaşçy kylmak isleýäris.” ("Kasas" süresi, 5) Hakyky musulmanlaryñ maksady-da "dünýewi jenneti" gurmakdyr. Ýeri... Häzir "biziñ mähellämiz" hyzmatdaşlykdan söz açýar we ýaranlyklar gurýar. Gowy zat: nasionalistler, halkçylar, sosialistler agzyny birikdirdi, birikdirýärler, birikdirerlerem... Eýse musulmanlar? Ýatdan çykardyñyzmy? Maksadyñyzy çäklendirip, fronty giñeltmek gerek dälmi? Nasionalistler ýüz ýyllap musulmanlar bilen bile boldy. Ýeri, musulmanlar bilen sosialistleriñ arasyna neçüýn wagtyñ geçmegi bilen aşmasy kyn diwarlar örüldi? Su sowaly bermek isleýärin: “Pygamberden soñ yslam sagçylyga tarap gyşarmaga başlady” diýen “hodaperestany sosialist” (hudaýparaz sosialist) Aly Şeriatyny halamaýan sosialist barmyka? Nuretdin Topçusyz, Jemil Meriçsiz, Melami Şeýhi Mejdi Tolunsyz, Soltan Abdylhamyt II-niñ süýt emşen dogany Nury beýsiz sosialist hereketi göz öñüne getirip bolarmy? Sezaýy Karakoçy, Zeki Kylyçaslany, Rejep Ihsan Eliaçygy, Nuraý Merti, Eren Erdemi, Hidaýet Şefkatly Tuksaly we başgalary ýok saýyp bolarmy? Stambulyñ Üsküdar raýonyndaky "Düşünje" öýüniñ ýa-da "Sowuk urşuñ" miwesi bolan "Kommunizme garşy göreş" kružogynyñ mirasyny ret etmek üçin gurlan "Kapitalizme garşy göreş" kružogynyñ gapysyny kakman ýaranlykdan söz açyp bolarmy? Bäş ýyldyzly otellerde berilýän agzaçarlaryñ alternatiwi bolan "Ýer ýüzüniñ supralaryna" ("Yeryüzü Sofraları") oturman, el-ele berip göreşmekden söz açyp bolarmy? Ugrumyz bir, diñe "mähellelerimiz" tapawutly. Eger şeýle bolýan bolsa... ownukçyllyga gapylmalyñ, musulmansyz mazlumlaryñ ýaranlygyny gurup bolmaz!

■ Yslam köşge gabaldy

Kesgitleme: Siriýaly Mustapa Sybaýiniñ "Yslam sosializmi" kitabyny 1969-njy ýylda terjime eden neşirýat sosializme garşy çykyşlardan çekinip, kitabyñ belli bölümlerini gysgaldyp, senzuralap çykardy! Ine, bar mesele hem şunda… Bar mesele (düýp maksat) - musulmanlary bir taraply propoganda-manipulýatiw okama sezewar etmek. Dinçiligiñ döremegi täze çykan zat däl. Dinçilik - rewolýusiýany yza tesdirme hereketidir... Dinçilik - yslamdan öñki arap-beduin jahylyýet döwrüne dolanmakdyr…
Ýagny, dinçilik - butparaz, süýthor gul eýelerininiñ häkimiýeti gaýtadan ele geçirmegidir… Hezreti Muhammet (s.a.w) ýagdaýyñ nädereje howpunyñ bardygyna gowy düşünýärdi. Howp - beduin (bedewi) edim-gylymlarydy. Gurhan bedewileri gazaply tankyt edýär: “Bedewiler inkär we bozgunçylyk taýdan has öñe gidendir hem-de Allanyñ pygamberine inderen hökümleriniñ çäklerini tanamazlyga has ýakyndyr.”("Toba" süresi, 97) “Bedewilerden galanlar saña "Bizleri mal-mülkümiz we maşgalamyz saklady, bizi bagyşla" diýerler. Kalplarynda ýok zady agyzlary bilen sözlärler.” ("Fetih" süresi, 11) “Bedewilerden şeýlekinleri bar welin, (Allanyñ ýoluna) harç etjek zadyny muzdasyz berýändirin öýdýär.” ("Toba" süresi, 98) Yslamyñ ilkinji ýyllarynda özüni "zekat bermejek" bolup görkezen bedewizm Hezreti Muhammetden (s.a.w) soñra öz durmuş biçüwini yslama geýdirmegi başardy. Syýasy galplyklary ulanyp Hezreti Muhammet (s.a.w) ýaly "merhumlar gürledilmäge" başlandy. "Hadys inflýasiýasy" döredi we häkimiýetiñ egnine görä yslama "täze don" tikildi!“Sünnet” ady bilen yslamyñ içi bedewileriñ urp-adatlaryndan dolduryldy. (Häzir Türkiýede-de ýerliksiz we gereksiz gürleýän “Haşwiýýe” akymy yslamyñ wekili hökmünde görkezilýär!) Netijede emewiler (omeýatlar) yslamy "hökümdarlygyñ teologiýasyna" öwürdiler. Apbasylar döwründe rasionalizm (akyly öñe tutýanlar) bir salym täsirini görkezse-de, wagtyñ geçmegi bilen "hadysçy demagoglar" tarapyndan bedewi akylsyzlygy täzeden häkimiýete ornaşdyryldy. Gepimi uzaldyp durjak däl... Uzyn gepiñ keltesi, dinçilik - yslamy batgalaşdyrmakdyr... Dinçilik - mallaşmakdyr... Häzir bedewilik selefilik adyna duwlanyp, ýene öñe çykyp başlady. Häzir bedewilik "Bikanun gurlan köşkde" otyr. Häzir bileleşmäniñ esasy maksady - gündelik syýasatyñ halasgäri rolunda oturdylan yslamy bedewileriñ-selefileriñ elinden alyp-halas etmekdir.

■ Nahary çemçe bilen iýen kapyr???

Kesgitleme: musulman sosialist Aly Şeriaty şeýle diýýär: “Olaryñ hak ýolundadygyna delillik hökmünde aýatlardan we hadyslardan müñ dürli mysallar orta atylýar. Emma bu delillere ýakyn we ynama garşylyk yzagalaklyk tutuş durky bilen garşymyzda dur. Netijedr bolsa özlerine garşy şübheleri, bir zatlary etmäge ymtylmalary, özlerini kämilleşdirmäge bolan pikirleri, kemçilikleriñ we nogsanlygyñ nirededigine seretme ýaly janykmalary ýok. Şonuñ üçin sygyra çokunýanlar ýeke-täk Hudaýa uýýanlardan öñe geçýär. Hudaýa ynanýanyñ bolsa mundan habary-da bolmaz.” Jahylyýetiñ galyndysy bolan bedewiler bu sözlere, gürrüñsiz, jogap berip bilmediler, emma nätdiler, bilýäñizmi? "Galstuk dakynýan, nahary çemçe bilen iýýän kapyryñ sözi diñlenmez!" We elbetde Aly Şeriatyny türmä dykdylar. Geñ galyp oturasy iş ýok, dünýäniñ çar künjünde yslam şular ýaly garaýyş netijesinde döwlet gatlagyna gabaldy. Bu yzagalaklar musulmanlygy Hudaýa däl-de, häkimiýetlere, agalyk ediji synplara boýun sunar hala getirdi. Töwhid dinini şirk dinine öwürdiler. Emma muña boýun egmediklerem az bolmady. Mysal üçin… düýn "Ittihadi yslam" diýen Namyk Kemal ýaly "Jon türkler" bardy. Düýn soltanlygyñ ganatynyñ astyndaky ýörelgeçi musulmanlara garşy gidip, Azat-edijilik urşy üçin Anadolynyñ ýollaryna düşen Mehmet Akif Ersoý ýaly progressiw musulmanlary bardy. Häzirem Mirseýit Sultangaliýewiñ edişi ýaly, nasionalistleriñ, halkçylaryñ, sosialistleriñ we "adyl häkimiýetiñ" tarapdary bolan musulmanlaryñ gatnaşyp biljek täze "Gündogar halklarynyñ soýuzy" ýaranlygynyñ gurulmagyna mätäçlik duýulýar. Sütemkär Mugawyýanyñ eksplutasiýasyna we bol-telkilige meýilli agalygyna garşy gidendigi üçin Rebeze çölüne sürgün edilen sahaba Ebu Zer Gifarynyñ (r.a) ýoludyr - bu ýaranlygyñ ýoly...
Diýdimzor "Bikanun gurlan köşgüñ" oligarhiýasyny ýykyp, "kerim döwleti" gurmak isleýänleriñ ýoludyr bu…



Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.02.2015 ý. 

Terjime eden: Guwanç Mämiliýew
www.kitapcy.com

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir