«Mulan» girdeji ýygymy boýunça Hytaýda garaşylan netijäni bermedi
«Mulan» meşhur multfilmiň kinoadaptasiýasy Hytaýda bary-ýogy 23 million dollar ýygnap, girdeji ýygymynyň pesdigini görkezdi diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Muny rueconomics.ru ýetirýär. Hytaý hökümeti özüniň HBS-ne täze kino hakynda ýazmagy gadagan etdi.

200 million býujetli kartinanyň şeýle pes başlamagynyň sebäbi täze görnüşli koronawirus pandemiýasy boldy diýlip bellenilýär. Epidemiologik ýagdaý bu ýylda adamlaryň maliýe ýagdaýyna güýçli täsir etdi, şeýle-de kinoteatrlaryň hemmesi heniz açylmady. Habar beriş serişdeleri hytaý häkimiýetleriniň “Mulany” metbugatda beýan etmegi hem gadagan edendigini ýazýarlar. Käbir maglumatlara görä, bu filmiň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde surata düşürilmegi sebäpli bolup geçipdir. Ol ýerde, hukuk goraýjylaryň maglumatlary boýunça, ýerli ilat häkimiýet tarapyndan yzarlanýar.
Şeýle-de bolsa, filmi döredijiler titrlerde hökümet edaralaryna we Hytaýyň Kommunistik partiýasyna filmi surata düşürmäge goşant goşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdiler. Günbatar HBS-niň köpüsi bu hereket üçin Disney-i ýazgardylar.
Girdeji ýygymy boýunça ikinji orunda 21,7 million dollar gazanan “Sekiz ýüz” ýerli taryhy eposy ýerleşdi. Üçünji orny 10,2 million dollar girdeji bilen Kristofer Nolanyň “Delil” filmi eýeledi.

Bilim, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir